Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda jerime tölän aýallaryň sürüjilik şahadatnamalaryny yzyna berýärler


Aşgabat, ýol gözegçiligi polisiýasy iş başynda. Arhiw suraty
Aşgabat, ýol gözegçiligi polisiýasy iş başynda. Arhiw suraty

Aşgabatda aýal sürüjileriň dürli bahanalar bilen alnan sürüjilik şahadatnamalaryny yzyna bermäge başladylar diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.

Ozal habar berlişi ýaly, türkmen paýtagtynda 17-nji we 18-nji fewralda, dürli bahanalar esasynda, sürüji aýallaryň awtoulaglaryny saklap, olaryň sürüjilik şahadatnamalaryny almaga başladylar.

Şol bir wagtda, Azatlyk radiosyna gelip gowşan wideodan görnüşi ýaly, ýol gözegçilik polisiýasynyň ofiserleri bu hereketleriniň sebäbi barada hiç bir düşündiriş bermediler we özlerini wideo düşürýän sürüjiden ýüzlerini gizläp, gaçmak bilen boldular.

20-nji fewralda Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen sürüji aýallaryň biri polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň Çoganlyda ýerleşýän edarasynyň sürüjilik şahadatnamasyny aldyran aýallardan “dolandygyny” gürrüň berdi.

Zenan sürüjileriň sürüjilik şahadatnamalarynyň alynmagy garamtyl reňkli awtomobillere garşy dilden girizilen gadaganlygyň gaýtadan möwjän wagtyna gabat geldi. Ikinji tarapdan, polisiýa işgärleriniň käbiriniň özara gürrüňçilikde bir ak jipli aýalyň pyýada geçegçinimaşyna kakdyryp, gaçyp gidendigi hakynda gürrüň edýändigi habar berildi.

Emma muňa garamazdan, metbugatda aýal sürüjilere garşy başlanan täze kampaniýa hakynda hiç bir resmi düşündiriş berilmedi we Azatlyk radiosy sürüjilik şahadatnamasy alnan aýallaryň umumy möçberinianyklap bilmedi.

Ýöne indi, ýerli habarçynyň maglumatyna görä, 10 manat jerime tölänlerinden soň, aýallaryň ählisiniň sürüjilik şahadatnamasy gaýtarylyp berilýär.

Jerime töläp, Türkmenistanda bolan aýylganç ýol hadysalary hakynda düşürilen hakyky dokumental kadrlary görkezip, mugt leksiýa diňledip, ýene birnäçe formallykdan soň, ýaşy 40-dan geçen aýallaryň sürüjilik şahadatnamalaryny hiç bir problemasyz gaýtaryp berýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen sürüji aýallaryň biri özlerine görkezilen dokumental kadrlardaky ýol hadysalary barada ýerli metbugatda hiç wagt habar berilmändigini aýtdy.

Şol bir wagtda, ýaşy 35-den bärde bolan aýallaryň wagtlaýyn sürüjilik şahadatnamalarynyň möhletleri uzaldylýar. Bu ýagdaý geljekde 35 ýaşamadyk aýallara sürüjilik şahadatnamasynyň berilmezlik ähtimallygy baradaky aladalaryň döremegine sebäp boldy.

Aýallaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň alynmagynyň beýleki “sebäpleri” hem belli boldy. Haçanda sürüjilik şahadatnamalary alnanda, çyra düşende ýalpyldaýan žiletleriniň bolmazlygy, wagty geçen ýangyn söndüriji, duýduryş üçburçlygynyň bolmazlygy tutaryk edilýärdi.

Emma sürüjiler düzgünde çyra düşende ýalpyldaýan žilet geýmeli diýen zadyň ýokdugyny, ýangyn söndürijilerde möhlet goýulmaýandygyny aýdýarlar. Ýolda saklanan awtomobiliň yzynda goýulýan duýduryş üçburçlygy bolsa, eger plastmassadan bolsa, demirden bolmaly diýip, bahana edýärler diýip, sürüjiler gürrüň berýär.

Mundan öň Azatlyk radiosy soňky ýyllarýurtda sürüjilik şahadatnamasyny almak isleýän aýal-gyzlaryň dürli emeli bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar beripdi. Ýerli ýaşaýjylaryň berýän maglumatlaryna görä, sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin synagdan geçýän aýallary para almak üçin hem ýykýarlar we zenanlardan talap edilýän paranyň möçberi erkekleriňkä garanda has köp bolýar.

Bu maglumat prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMW kysymly täze sport awtoulagynda IIM-niň awtosport merkezine baryp, ony ministrlige sowgat bermeginiň we ýene bir gezek öz drift ussatlygyny görkezmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Täze sport ulagynyň başda haçan we kimiň serişdesine, näçe pula we näme üçin satyn alnandygy aýdylmaýar. Döwlet baştutany 23-nji fewralda sport merkezine baryp, “Nissan” awtomobilinde drift etmek ussatlygyny görkezende görnüşine görä, IIM-niň sport komandasynyň mundan ozal hem onlarça gymmatbaha awtoulagy bardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG