Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatynyň aeroporty ‘Türkmenhowaýollaryndan’ nägile bolýar


Almatynyň halkara aeroporty
Almatynyň halkara aeroporty

Gazagystanyň Almaty şäheriniň halkara aeroporty “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň ýolagçy goşlaryny transport etmek bilen bagly düzgünleri bozýandygyny aýdyp, onuň işinden nägile bolýar. Bu barada “Hronika Türkmenistan” neşiri Almaty halkara aeroportunyň “Facebook” sosial ulgamyndaky sahypasynda ýaýradan beýanatyna salgylanyp habar berýär.

Bu beýanat, Almatynyň halkara aeroportunda Aşgabatdan gelen uçardaky bagažlaryň käbiriniň aşa ulydygy sebäpli goşlaryň ýörite geçelgelerden geçip bilmän, ählisiniň bir ýere jemlenýändigini we bulam-bujarlygy emele getirýändigini görkezýän wideo “Facebook” sosial ulgamynda ýaýrandan bir hepde soňa gabat geldi.

19-njy martda Ýewgeniý Kanşin atly ýolagçy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň 18-nji martda Aşgabatdan Almaty şäherine amala aşyran “T5 715 a/k” belgili reýsinden soň, gazak aeroportynyň ýolagçy goşlaryny paýlaýan bölüminde emele gelen ýagdaý barada wideo paýlaşyp, “Suratlara seredip bu ýeriniň niresidigini biljek boluň. Zat saklanýan bazarmy? Ýa-da adaty bazarmy?” diýip soraýar. Soňra-da ol sözüni şeýle dowam etdirýär:

Almaty aeroportunda Aşgabatdan gelen goşlaryň döredýän bulam-bujarlygy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:25 0:00

“Bu ýerde söwda ýüki ýolagçylaryň bagažlary bilen bilelikde berilýän ýaly bolup görünýär. Belli bir wagtdan soň, 1-nji belgili transportýor goşlar sebäpli böwetlendi. Aeroportyň işgärleri olary arassalamaga howlukmadylar. 2-nji transportýordan Kiýewden gelen ýolagçylar öz goşlaryny bagažlaryny alyp bolansoň, Aşgabatdan gelen ýolagçylaryň goşlary gaýtadan 2-nji belgili transportýordan goýberildi. Ýolagçylar bagažlaryny ägirt uly goşlaryň, haltalaryň arasyndan almak üçin 1 sagat çemesi iki transportýoryň arasynda gatnamaly boldy. Bu goşlaryň eýeleri türkmenistanly birnäçe söwdegär bolup, olar bulary toparlara bölen mahaly, has-da bulam-bujarlyk döretdi” diýip, Kanşin ýazýar.

Mundan soň, ol esasy meseläniň söwdegärleriň ýüklerini şeýle görnüşde kabul edip, transport edýän “Türkmenhowaýollary” kompaniýasy bilen baglydygyny belläp, “ýöne aeroportuň şeýle goşlary ýükleriň gelýän bölümine iberip bilýändigi barada düzgünnamalar ýokmyka? diýip soraýar.

Gazak aeroporty Kanşiniň bu ýüzlenmesine 26-njy martda özüniň “Facebook” sosial ulgamyndaky sahypasy arakly jogap berip, ýolagçylardan bu ýagdaý bilen bagly dörän oňaýsyzlyklar üçin ötünç sorady.

“Häzirki wagt “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasy Aşgabatdan Almata her hepdede üç reýsi amala aşyrýar. Goşlar bilen bagly problema, umuman, her bir reýsde ýüze çykýar. Şeýle-de, Aşgabadyň aeroportynda bagažlaryň ählisi uçara ýüklenmeýär. Uçara ýüklenmedik bagažy, adat bolşy ýaly nobatdaky reýslerde däl-de, aradan ep-esli wagt geçensoň iberýärler” diýlip, Almaty halkara aeroportynyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Almatynyň halkara aeroporty
Almatynyň halkara aeroporty

Şeýle-de, beýanatda Almatynyň halkara aeroportunyň bagažlary gözleýän bölümine “Türkmenhowaýollary” gullugy bilen uçan ýolagçylaryň goşlarynyň gelmändigi barada 2019-njy ýylyň ýanwarynda 93, fewralynda 293 we martynda 118 arzanyň gelip gowuşandygy hem bellenilýär.

“Mundanam başga, Aşgabadyň aeroportynda Almaty şäherine uçýan uçarda goşlaryň hasaba alnyp, kabul edilmegi bilen bagly düzgün bozulmalar ýüze çykýar. Goşlaryň agramy köplenç – bir adama rugsat berilýän – 32 kilogramdan geçýär. BU EÝÝÄM GOŞ DÄL-DE, ÝÜK BOLÝAR. Almatynyň halkara aeroporty bu düzgün bozulmalar bilen bagly çäre görmegi haýyş edip, “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Almatydaky edarasyna ençeme gezek duýduryş hatyny ugratdy. Muňa garamazdan, howaýollary kompaniýasy häzirlikçe bu düzgün bozmalary aradan aýyrmaýar” diýlip, gazak aeroportunyň beýanatynda bellenilýär.

Belläp geçsek, ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň wekilleri häzirlikçe beýanat ýa-da kommentariýa bilen çykyş etmeýärler.

Soňky aýlarda Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” gullugy halkara howa gatnawlary bilen bagly käbir kynçylyklary başdan geçirýär.

4-nji fewralda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy (EASA) “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçýan we bu bileleşigiň çäklerinden yzyna uçýan uçuşlaryny togtadypdy.

Munuň yzýany, 13-nji fewralda Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” gullugy halkara howa howpsuzlygy standartlarynyň talaplaryna gabat gelmek üçin “Lufthansa Consulting” geňeş kompaniýasyndan ýardam alýandygyny mälim etdi.

Geçen ýylyň ahyrynda bolsa, “Türkmenhowaýollarynyň” Aşgabat – Pariž – Aşgabat gatnawlarynyň ýatyrylýandygy mälim bolupdy.

1992-nji ýylda döredilen “Türkmenhowaýollarynyň” resmi websaýtynda berlen maglumata görä, bu kompaniýanyň uçarlary arkaly ýurduň içinde günde 5000 ýolagçy uçýar. Ýerli we daşary ýurt uçuşlarynyň iksinde bolsa, her ýylda 3 milliona golaý ýolagçy sapar edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG