Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan TOPH-yň öz çäginden geçýän böleginiň gurluşygynyň ýene soňlanyp barýandygyny aýdýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda gije-gündiz ýanyp duran gaz krateri.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda gije-gündiz ýanyp duran gaz krateri.

11-nji aprelde “Trend” habar gullugy türkmen hökümetine salgylanyp, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň 214 kilometrlik türkmen böleginiň gurluşygynyň soňlanyp barýandygyny habar berdi.

Mundan ozal, Türkmen döwlet habar gullugy 2-nji aprelde taslamanyň türkmen böleginiň gurluşygynyň häzirki wagtda tamamlanýandygyny, onuň Owganystandan we Pakistandan geçýän bölekleriniň çäginde degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Ýöne munuň bilen türkmen tarapy taslamanyň öz çäginden geçýän böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny aýdyp, ilkinji gezek çykyş etmeýär.

Eýsem, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy tamamlandymy, tamamlanýarmy ýa-da indi tamamlanmalymy?

Türkmenistanyň energiýa pudagyny yzarlaýan halkara synçylar TOPH taslamasynyň gurluşygynyň barşy bilen bagly maglumatlar boýunça gümürtikligiň dowam edýändigini aýdýarlar.

Öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlaryň energiýa pudagynda bolup geçýän wakalary öwrenýän “Post-sowet giňişliginiň nebit-gaz monitory” atly elektron žurnalynyň soňky sanynda 10-njy aprelde “TOPH garjaşyklygy” atly teswirleme çap boldy.

Makalanyň çap edilmegi Türkmenistanyň “Çelýabinskiniň turbaprokat zawody” (ÇTPZ) – rus kompaniýasyndan bahasy 219 million dollardan gowrak 214 kilometrlik turba satyn almak boýunça ylalaşmagynyň yzýanyna gabat geldi.

“TOPH garjaşyklygy” ady bilen çap bolan teswirlemede şeýle diýilýär:

“Türkmen häkimiýetleri taslamanyň Türkmenistanyň çäginden geçýän 214 kilometrlik böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabrynda badalga berdi. Geçen ýylyň fewral aýynda taslamany ýerine ýetirýän kompaniýanyň ýolbaşçysy onuň türkmen böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi” diýip, “Post-sowet giňişliginiň nebit-gaz monitory” atly elektron žurnalynda çap bolan makalada aýdylýar.

“TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýasynyň başlygy Muhammetmyrat Amanow taslamanyň owgan böleginiň gurluşygyna girişilende, ýagny 2018-nji ýylyň fewralynda Euronews kanalyna beren interwýusynda taslamanyň türkmen böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny aýtdy:

“Taslamanyň häzirki tapgyryna ýetmek üçin, biz 2015-nji ýyldan bäri köp iş bitirdik. Biz Türkmenistanda öz işimizi jemledik, indi biz Owganystana süýşýäris” diýip, Amanow aýtdy.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy” elektron gazetiniň 8-nji aprelde ýazmagyna görä, TOPH taslamasynyň liniýa bölegini gurmak üçin Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni ÇTPZ-den 150 müň tonnadan gowrak turba satyn alýar.

Türkmen metbugatynyň ýörite bellemegine görä, satyn alynýan 200 kilometrden gowrak turbalar taslamanyň Türkmenistanyň çäginden geçýän bölegine niýetlenýär.

“Türkmenistanyň TOPH-yň gurluşygyna başlamak beýlede dursun, onuň üçin turbalary heniz ýaňy sargamagy türkmen syýasatyndan we ol ýerdäki maglumat gözegçiliginden habarly adamlar üçin geň ýagdaý däl” diýip, “TOPH garjaşyklygy” atly makalada aýdylýar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan TOPH-a niýetläp Saud Arabystanyndan bahasy 40 million dollarlyk 35 kilometrden gowrak gaz geçiriji turbalaryny satyn alypdy. Türkmenistanyň döwlet mediasyna görä, şol turbalary “Saud ösüş gaznasy” maliýeleşdiripdi.

Agzalýan makalada aýdylmagyna görä, TOPH taslamasyny gijikdirýän iň esasy sebäpleriň biri onuň maliýeleşdirilmegi bolup durýar.

Ýeri gelende aýdylsa, Russiýadan satyn alynýan turbalary Yslam ösüş banky maliýeleşdirýär.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer 4-nji aprelde “Türkmeniň ýene-de bir turba syry” ady bilen çap eden makalasynda sorag berýär: “Gurluşygyň türkmen bölegi hakykatdanam tamamlandymy? Ol ýerde, heý bir zatlar guruldymy? Saud kompaniýasynyň iberen 35 kilometrlik turbalaryna näme boldy?”

Türkmenistan umumy bahasy 7 milliard dollarlyk, uzynlygy 1840 kilometrden gowrak TOPH taslamasynyň üsti bilen Owganystana, Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermegi meýilleşdirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG