Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmi metbugat TOPH-yň 214 kilometrlik türkmen böleginiň häzirki wagtda tamamlanýandygyny aýdýar, ýöne...


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

2-nji aprelde Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan: Altyn Asyr” internet neşiri Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň häzirki wagtda tamamlanýandygyny habar berdi.

Neşir sişenbe güni Türkmenistanyň energetika pudagyny mahabatlandyrýän häsiýetde “Türkmenistan — dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň strategik merkezi” atly makala çap etdi.

Onda TOPH taslamasynyň türkmen böleginiň gurluşygynyň häzirki wagtda tamamlanýandygy, onuň Owganystandan we Pakistandan geçýän bölekleriniň çäginde degişli işleriň alnyp barylýandygy öňe sürülýär. Alnyp barylýandygy aýdylýan degişli işleriň nämedigi, eýsem ol işleriň gurluşyk işlerimidigi ýa-da geçiriji çekilýän ýerleri onuň gurluşygyna taýýarlyk işlerimidigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Türkmen döwlet habar agentliginiň (TDH) çap eden degişli makalasyndan çen tutulsa, taslamanyň 214 kilometrlik türkmen böleginiň gurluşygy häzirki wagtda tamamlanýar.

Ýöne, geň ýeri, türkmen tarapy taslamanyň öz böleginde degişli işleriň tamamlanýandygy barada ilkinji gezek çykyş etmeýär.

Mundan ozal, “TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýasynyň başlygy Muhammetmyrat Amanow 2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Euronews habar kanalynda eden çykyşynda taslamanyň türkmen böleginiň tamamalandygyny aýdypdy. Ol şeýle diýdi:

“Taslamanyň häzirki tapgyryna ýetmek üçin, biz 2015-nji ýyldan bäri köp iş bitirdik. Biz Türkmenistanda öz işimizi jemledik, indi biz Owganystana süýşýäris” diýip, Amanow aýtdy.

“Biz işleri tamamlap, 2019-njy ýylyň aýagyna çenli geçirijiden gaz ibermegi göz öňünde tutýarys” diýip, Amanow Euronews kanalynda eden çykyşynda aýtdy.

Ýöne, görnüşinden, taslamanyň türkmen böleginiň gurluşyk işleri geçen ýylyň fewral aýynda tamamlanman ekeni.

2-nji aprelde TDH şeýle ýazdy: “Häzirki wagtda turbageçirijiniň uzynlygy 214 kilometre barabar bolan türkmen böleginiň gurluşygy tamamlanýar”

Ýöne 2-nji aprelde rus metbugatynda çykan habarlarda, Türkmenistanyň Russiýadan uzynlygy 214 kilometre barabar bolan geçirijiniň gurluşygy üçin turba satyn alýandygy habar berildi.

Mundan ozal, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan TOPH-a niýetläp Saud Arabystanyndan bahasy 40 million dollarlyk 35 kilometrden gowrak gaz geçiriji turbalaryny satyn alypdy. Türkmenistanyň döwlet mediasyna görä, şol turbalary “Saud ösüş gaznasy” maliýeleşdiripdi.

Türkmenistanyň Russiýadan 219 million dollardan gowak maliýe serişdesine satyn alýan turbalaryny Yslam ösüş banky maliýeleşdirýär.

TAPI-niň ýolbaşçysy Muhammetmyrat Amanow 2016-njy ýylyň maý aýynda Yslam ösüş bankynyň TOPH taslamasyna gyzyklandyrma bildirýändigini aýdyp metbugatda çykyş edipdi:

“Yslam ösüş banky taslamanyň diňe Türkmenistanyň territoriýasyndan geçýän bölegini däl, eýsem Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinden geçýän böleklerini hem maliýeleşdirmäge bolan gyzyklanmasyny we taýýarlygyny mälim etdi” diýip, Amanowyň sözleri 2016-njy ýylyň 23-nji maýynda Reuters habar agentliginde sitirlendi.

Türkmen metbugatynyň transmilli taslamanyň 214 kilomterlik türkmen böleginiň häzirki wagtda tamamlanýandygy barada beren soňky habaryna esaslanylanda, Yslam ösüş bankynyň maliýeleşdirýän hem-de Russiýadan satyn alynýan 214 kilometrlik turbanyň taslamanyň haýsy bölegine niýetlenendigi has-da gümürtikleşýän ýaly.

Uzynlygy 1840 kilometrden gowrak TOPH taslamasynyň üsti bilen Türkmenistan goňşy Owganystana, Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermegi meýilleşdirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG