Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka Brýusselde geçiriljek agşamlyk naharyna çagyryldy


Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka
Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka

Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk tarapyndan geçiriljek agşamlyk naharyna çagyryldy. 13-nji maýda Brýusselde geçiriljek agşamlyk naharynda Gündogar hyzmatdaşlygynyň 10 ýyllygy belleniler.

Ýewropa Bileleşigindäki çeşmeleriň birnäçesi anonim şertde maglumat berip, geçen hepde ÝB-niň beýleki bäş gündogar partnýory – Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gürjüstanyň, Moldowanyň we Ukrainanyň – liderleri bilen bir hatarda, Lukaşenkanyň hem çagyrylandygyny tassyklady.

Muňa garamazdan, olar Minske belarus daşary işler ministri Uladzimer Makeiň wekilçilik etmeginiň mümkindigini aýdyp, Lukaşenkanyň özüniň bu duşuşyga gatnaşmagyna garaşmaýarlar.

Lukaşenka mundan ozalky dört sammite çagyrylmandygy sebäpli, bu duşuşyk Ýewropa Bileleşigi tarapyndan guramalaşdyrylan we oňa Lukaşenkanyň gatnaşmagyna rugsat berlen ýokary derejeli ilkinji wakadyr.

Brýussel, 25 ýyl bäri Lukaşenka tarapyndan dolandyrylýan we käte “Ýewropadaky iň soňky diktatura” diýlip atlandyrylýan Belarusa garşy 2010-njy ýylyň dekabrynda prezident saýlawlarynyň geçirilmegine getiren repressiýanyň yzýany, sanksiýalary girizipdi.

Ýöne 2015-njy ýylyň awgustynda syýasy tussaglaryň boşadylmagyna jogap hökmünde, 2016-njy ýylyň fewralynda Ýewropa Bileleşigi Belarusa garşy girizen sanksiýalarynyň aglabasyny ýatyrdy.

XS
SM
MD
LG