Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan parahatçylyk gepleşiklerini maslahatlaşmak üçin yly ýygnak geçirer


Prezident Aşraf Ganiniň ýörite wekili Omar Daudzaý Loýa Jirganyň “Talyban” bilen “içerki-owgan gepleşiklerine” esas berjekdigini aýtdy.
Prezident Aşraf Ganiniň ýörite wekili Omar Daudzaý Loýa Jirganyň “Talyban” bilen “içerki-owgan gepleşiklerine” esas berjekdigini aýtdy.

Owganystan 29-njy aprelde seýrek geçirilýän Loýa Jirga mejlisini – ýaşulularyň, dindar alymlaryň we tanymal owganlaryň däp bolan ýygnagyny çagyrmak kararyna geldi.

Bu ýygnaga ýurduň çar künjeginden 2 müňden gowrak adam çagyryldy we olar ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk tagallalaryny ara alyp maslahatlaşmagy niýet edinýärler.

Prezident Aşraf Ganiniň ýörite wekili Omar Daudzaý 28-nji aprelde Loýa Jirganyň “Talyban” bilen “içerki-owgan gepleşiklerine” esas berjekdigini aýtdy.

Ýokary derejeli resmileriň birnäçesi, şol sanda baş ýerine ýetiriji Abdulla Abdulla dört günlük ýygnanyşyga gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

Daudzaý Abdullany we beýleki resmileri Loýa Jirga gatnaşmaga yrmak ugrundaky tagallalaryň dowam etdirilýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu ýygnakda hökümetiň geljekde “Talyban” bilen gepleşiklerde eýelemeli pozisiýalary kesgitlenmeli.

XS
SM
MD
LG