Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmen ýaşlaryndan goşun gullugy üçin Türkmenistana dolanmagy talap edilýär


Türkmenistan (arhiw suraty)

Aşgabadyň harby bölümleriniň işgärleri daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň ene-atalaryna jaň edip, olaryň harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi üçin ýurda dolanmagyny talap edýärler.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, paýtagtyň harby bölümleri martda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly ýaşlary harby gulluga çekmek üçin olaryň ene-atalaryna jaň etmek işini tutuş aýyň dowamynda amala aşyrypdyr.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Türkmenistanyň harby resmilerinden kommentariý we düşündiriş alyp bilmedi.

Türkmenistanda goşun gullugyna häzirki çagyryş 20-nji martda yglan edildi. Ýurduň raýatlary goşuna aprel-iýun aýlarynyň aralygynda alnar.

Türkmenistanda ýaragly güýçlere çagyryşlar ýylda iki gezek bahar we güýz aýlarynda iki ýyllyk möhlet bilen amala aşyrylýar.

Ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylary, şol sanda ýurduň daşynda bilim alýanlar goşun gullugyna çagyrylmakdan wagtlaýyn boşadylanlaryň toparyna girýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, studentleriň ene-atalary soňky hepdelerde harby bölümlere gatnaýarlar we dil hat ýazmaly bolýarlar.

"Ene-atalar dil hat ýazyp, ogullarynyň okuwdan soň Türkmenistana dolanjagyna we goşunda gulluk etjegine kepil geçýärler" diýip, habarçymyz belleýär.

Türkmenistanda ýaşlary adatça mekdebi tamamlan badyna goşuna alýarlar. Emma soňky ýyllarda okuw jaýlaryň okuwçylaryny mekdebi gutarmanka goşuna alynýan ýagdaýlary seýrek däl. Şeýle ýagdaýda olaryň okuwy gutarandygy hakyndaky şahadatnamalary ene-atalaryna berilýär.

Azatlygyň çemeleriniň sözlerine görä, bu ýurduň daşynda okap ýurda dolanmaýan raýatlaryň köpdügi bilen bagly.

Mundan öň Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary saglyk komissiýalarynyň ozalky ýyllarda harby gulluga ýarawsyz diýlip hasap edilen ýaşlary şu ýyl ýarawly diýip hasaba alyp başlandygyny habar beripdi. Goşuna şu ýylky çagyryşa degişli saglyk komissiýalary öz işine 23-nji ýanwarda başlapdy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan öz ýagaly güýçleriniň düýbüniň tutulmagynyň 27-nji ýyl dönümi belledi.

Türkmen goşunynyň esasy problemalarynyň arasynda esgerleriň harby taýýarlygynyň pesdigini we azyk üpjünçiliginiň gowşaklygyny bellemek mümkin.

Türkmenistanyň döwlet mediasynyň habar bermegine görä, harbylar ýurduň azyk üpjünçiligine goşant goşýarlar. Hususan-da, esgerleriň prezident Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda görkezilýän tebigy usullar esasynda dermanlyk serişdeleri taýýarlaýandygy, daglyk ýerlerden pisse we hoz ýygnaýandygy resmi metbugatda habar berilýär.

Şeýle-de, iki ýyllyk goşun gullugyndaky esgerler yzygiderli häsiýetde pagta ýygyma çekilýärler.

Türkmenistan milli goşunyň düzümindäki harbylarynyň resmi sanlaryny çap etmeýär. Garaşsyz çeşmeleriň maglumatlarynda ýurduň ýaragly güýçleriniň düzüminiň 30 we 35 müň aralygynda harbydan ybaratdygy bellenýär.

1995-nji ýylda özüni resmi taýdan bitarap döwlet yglan eden Türkmenistan 2016-njy ýylda öz harby doktrinasyny täzeledi. Ýurduň ýolbaşçylary ýurduň harby syýasatynyň diňe goranmak häsiýete eýedigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG