Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat: Gurluşygy gutaran käbir ýaşaýyş jaýlary 20 ýyl bäri  häkimligiň hasabyna geçirilmeýär


Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýy
Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýy

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurluşygy tamamlanýan täze ýaşaýyş jaýlary wagtynda şäher häkimliginiň hasabyna geçirilmeýär.

Potratçy firma ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygyny tamamlasa-da, buýrujy tarap gurluşygy tamamlanan jaýy wagtynda kabul edip almaýar. Öz gezeginde, buýrujy tarap täze jaýy wagtynda Türkmenabat şäher häkimliginiň hasabyna geçirmänsoň, jaýlar idegsiz galýar; wagtyň geçmegi bilen öz-özünden hatardan çykmak bilen bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 2-nji maýda habar berdi.

Habarçynyň anyklan maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 20 ýyl bäri şäher häkimliginiň hasabyna geçirilmän saklanýan ýaşaýyş jaýlary bar. Bu ýagdaýyň aňyrsynda kimiň nähili bähbitleriniň bardygy ýa-da bu ýagdaýyň jogapkär adamlaryň öz işlerine çemeleşişi bilen baglydygy, ýa-da däldigi mälim däl.

Habarçy ýurtda gurluşyk-gurnama işleriniň tertibine ünsi çekip, gurluşygy tamamlanýan ýaşaýyş jaýlary bilen bagly problemalar boýunça maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda gurluşygy ýerine ýetiriji potratçy firma gurluşyk-gurnama işlerini tamamlan badyna, buýrujy tarap obýekti kabul edip almaly. Öz gezeginde, buýrujy gurluşygy tamamlanan jaýlary dessine häkimligiň hasabyna geçirmeli. Munuň yzýany, häkimlik hem täze ýaşaýyş jaýlara göçüp baran ýaşaýjylara öý kitapçalaryny paýlamaly.

Ýöne “Türkmenabat şäherinde 20 ýyl bäri häkimligiň balansyna geçirilmän duran jaýlar bar” diýip, habarçy anyklan maglumatlaryny ýetirdi.

“Jaýlar eýýäm könelişdi, olary hiç kim kabul edip almaýar. Şol sebäpden bu jaýlaryň töweregi zir-zibilden doly. Ýagyş ýaganda üçeklerinden suw geçýär. Häzirki wagtlarda jaýlary hususylaşdyrmakdan gürrüň edýärler, ýöne ne buýrujynyň ne-de häkimligiň kabul edip alan şeýle jaýlary wagtyň geçmegi bilen weýran bolýar. Döwletiň gurluşyk firmalarynyň gurýan jaýlarynyň hili örän ýaramaz” diýip, Azatlygyň habarçysy ýerli gürrüňdeşleriniň sözlerine salgylandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylar bu problemanyň 20 ýyl bäri dowam edip gelýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabadyň şäher häkimligine jaň edip, hasaba alynmadyk ýaşaýyş ýaýlary barada goşmaça kommentariýa alyp bilmedi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda gurluşyk-gurnama işleriniň tertibini 2015-nji ýylda kabul edilen “Şähergurluşyk işi hakyndaky” hem-de 2012-nji ýylda kabul edilen “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakyndaky” kanunlar düzgünleşdirýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji aprelde geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurtda gurlup gutarylan desgalaryň käbiriniň “hasapdan hasaba geçirilmän, eýesiz durýandygyny” aýtdy.

Mejlisiň dowamynda türkmen prezidenti ýurduň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryna gözegçilik edýän orunbasary Dädebaý Amangeldiýewi Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Ýerli synçylar ýurtda gurulýan uly-uly binalaryň, şol sanda ministrlikleriň aşa uly gurlan edara jaýlarynyň, kongres zallarynyň, Ak öýleriň, sport desgalarynyň, myhmanhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň bir toparynyň köplenç boş durýandygyny öňräkden bäri aýdyp gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG