Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk hökümetiniň hasabatyna görä, Türkiýä barýan türkmenistanlylaryň sany barha artýar


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň Halkara aeroporty
Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň Halkara aeroporty

Türk hökümetiniň ýaýradan statistiki maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylyň diňe mart aýynda Türkmenistandan Türkiýä sapara giden türkmenistanlylaryň sany 23 müň adama baryp ýetdi.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi ýurda gelýän daşary ýurtlularyň sany boýunça çap edýän maglumatlaryny täzeledi.

Oňa laýyklykda, 2019-njy ýylyň diňe mart aýynda Türkmenistandan Türkiýä baran türkmenistanlylaryň sany 22 müň 672 adam bolup, bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 16 %-e golaý ýokary bolýar. 2018-nji ýylyň martynda 19 müň 142 türkmenistanly Türkiýä barypdyr.

2019-njy ýylyň fewralynda bolsa 21 müňden gowrak türkmenistanly Türkiýä barypdyr. Bu 2018-nji ýylyň fewral aýy bilen deňeşdireniňde, resmi hasabata görä, 28 % ýokary bolýar.

Bu sanlardan çen tutsaň, Türkmenistandan Türkiýä gidýän adamlaryň sany görnetin artýar. Bu artyş türkmen häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň daşary ýurtlara çykmagynyň öňüni baglamak synanyşyklarynyň fonunda bolup geçýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, 29-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri Aşgabadyň Halkara aeroportynda Türkiýä barýan 50 adamyň ýoluny baglady.

Edil şeýle waka, 27-nji aprelden 28-nji aprele geçilen gijede-de gaýtalanypdy. Onda häkimiýetler 80 türkmenistanlynyň Aşgabadyň Halkara aeroportyndan Türkiýä gitmegine rugsat bermedi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň 27-nji aprel güni gündiz ýetiren maglumatlaryna görä, şol gün ýene-de 180 adamyň Türkiýä çykmagyna rugsat berilmedi.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň çap eden statistiki maglumatlaryna görä, türkmen häkimiýetleriniň ýoluny baglaýan raýatlarynyň sany ýurtdan çykmagy başarýan raýatlaryň sany bilen deňeşdireniňde ujypsyz bolup durýar. Ýöne beýleki tarapdan, 27 – 29-njy aprel aralyklarynda ýurtdan çykmagyna rugsat berilmedik adamlaryň sany Azatlygyň habarçylaryna mälim bolan görkezijiler bolup, tutuş aýyň dowamynda näçe adamyň ýolunyň baglanandygy barada anyk maglumat ýok.

Türkmen hökümeti ýurda girip-çykýan raýatlarynyň sany boýunça statistiki maglumatlary çap etmeýär.

Beýleki tarapdan 30-njy aprelde, Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy şu günler Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň öňünde uzyn nobatlaryň döreýändigini habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy beýleki käbir wezipeler bilen bir hatada raýatlaryň ýurda girip çykmaklaryna rugsat berýän biometriki pasportlary çykarmak, raýatlaryň ýurda girip çykmak tertibine, şeýe-de daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistana girip çykmagyna degişli düzgünleri amal etmek bilen borçlanýar.

Azatlygyň paýtagtly habarçysynyň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň Migrasiýa gullugynyň edara jaýynyň öňünde 100 töweregi adamdan ybarat uzyn nobatlar emele gelipdir.

Habarçy nobata garaşýan adamlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň hatarynda hatda uly ýaşly bir aýalyň hem eklenç ugrunda Türkiýä gitmäge döwtalap bolýandygyny habar berdi.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýaýradan hasabatyna görä, beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen deňeşdireniňde şu ýylyň mart we fewral aýlarynda Türkiýä barýan türkmenistanlylaryň sanynyň has köpdügini görmek bolýar. Resmi maglumata görä, 17 müň töweregi özbek, 4 müň töweregi täjik, 9 müňe golaý gyrgyz, 18 müň töweregi gazak raýaty 2019-njy ýylyň martynda Türkiýä barypdyr. Beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary eklenç gözleginde köpçülikleýin häsiýetde özlerinden gysga möhletli wiza talap etmeýän Russiýa gidýär.

Türkmenistanlylar köplenç iş gözleginde Türkiýä gidýär. Ol ýerde kanuny ýa-da bikanun görnüşde uzak möhletli ýaşaýan türkmenistanlylaryň jemi sany mälim däl.

Turkmen.news habar neşiri 2-nji maýda Gürjüstanyň Milli syýahatçylyk edarasynyň statistiki maglumatlaryna esaslanyp, çap eden maglumatynda 2017-nji ýylyň dowamynda tas 10 müň türkmen raýatynyň Gürjüstana barandygyny habar berdi.

Gürjüstan 1 ýyla, Türkiýe 30 güne çenli türkmenistanlylardan wiza talap etmeýär. Halkara howa transport bileleşiginiň (IATA) maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň pasporty Zambiýa, Zimbabwe, Uganda, Madagaskar, Ruwanda, Seýçelles ýaly jemi 53 ýurda gysga möhlet üçin wizasyz ýa-da elektron wiza arkaly girmäge rugsat berýär. Türkmenistanyň raýatlary Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Täjigistana 45 gün möhlet bilen ýeňil görnüşde ýurduň çägine girende ýa-da onlaýn usul bilen wiza alyp bilýärler. Gyrgyzystana sapar etjek türkmen raýatlary elektron wiza ýüz tutup bilýärler.

Türkmenistan Merkezi Aziýa regionynyň wizasyz syýahat mümkinçilikleri babatdaky başlangyçlaryna goşulmaýar. Golaýda Gazagystan we Özbegistan öz aralarynda Ýewropa ýurtlaryndaky Şengen wizasynyň mysalynda, bir görnüşli “Silk Visa” wizasyny girizmegi niýet edinýändiklerini mälim etdi.

Türkmen raýatlarynyň köpçülikleýin häsiýetde ýurdy terk etmegi Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda bolup geçýär.

XS
SM
MD
LG