Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan we Özbegistan serhet meselesi barada ýene pikir alyşdylar


Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara serhet geçelgesi (arhiw suraty)

Türkmenistanyň we Özbegistanyň resmileri döwletleriň özara serhedini ylalaşmak we kesgitlemek meselesi boýunça ýene-de pikir alyşdylar.

Döwlet serhediniň ylalaşylmagy we kesgitlenmegi boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara komissiýasynyň işçi toparlarynyň nobatdaky maslahaty 29-njy aprel we 5-nji maý aralygynda Özbegistanyň Urgenç şäherinde geçirildi.

Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar döwlet serhedinde bilelikde geçirilen topografiýa-geodeziýa işleriniň netijelerini ara alyp maslahat edipdir we ýerleriň balansyny hasaplap, döwlet serhediniň käbir böleklerinde geçjek bölünişik liniýalarynyň proýektini taýýarlapdyrlar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara döwlet serhedini kesgitlemek barada gepleşik prosesi 2017-nji ýylyň mart aýynda başlandy. Şondan bäri iki ýurduň resmileri ençeme duşuşyk geçirdiler.

Mundan ozalky maslahat 1-7-nji martda Türkmenabatda geçirildi.

"Sputnik" neşriniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet serhedi barada 2000-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çeken ylalaşygyna umumy serhediň onlarça bölekleri goşulmandyr.

Türkmen-özbek serhedi Türkmenistanyň Daşoguz we Lebap welaýatlaryndan geçýär, onuň umumy uzynlygy 1621 kilometrden ybarat.

Serhetleriniň kesgitlenmegi goňşy döwletleriň arasyndaky ýiti meseleleriň biri bolmagynda galýar.

Ýurtlaryň özara serhedinde sim çekmek boýunça işleriň birinji tapgyry 2000-nji ýyllarda geçirilipdi. Şonda serhet ýaşaýyş jaýlaryň, infrastruktura obýektleriň, şeýle-de ekin meýdanlaryň üstünden geçip, olaryň ençemesi serhetleriň dürli taraplarynda galypdy.

Serhet bölünişiginiň ikinji tapgyry 2010-2013-nji ýyllarda amala aşyryldy. Bu işleriň netijesinde ençeme ýaşaýyş jaý ýumruldy.

"Käbir ýerlerde serhetleriň arasyndan geçýän liniýanyň ini 5-6 kilometre, käbir ýerlerde 3-4 kilometre ýetýär. Ýaşaýjylar öz jaýlaryny ýitirdiler, käbirler hatda öz mallaryny hem alyp bilmedi. Daşoguzdan Gubadag, Köneürgenç etraplaryna çenli, şeýle-de Saparmyrat Nyýazow etrabyna çenli ýaşaýyş jaýlar, mekdep ýumruldy" diýip, Azatlygyň regiondaky habarçysy aýdýar.

Tikenekli simi çekmek boýunça işleriň üçünji tapgyryna degişli planlar 2018-nji ýylyň bahar aýlarynda yglan edildi.

Geçen ýylyň maý aýynda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz, Gubadag we Görogly etraplarynyň serhede ýakyn obalarynyň ýaşaýjylaryna öz jaýlarynyň ýumruljagy hakynda häkimiýetlerden resmi duýduryş berildi. Ýerli häkimiýetler jaýlary ýumurmak planlaryny ýurtlaryň arasyndan geçýän serhetde tikenekli simleriň üçünji liniýasynyň çekilip başlanmagy, şeýle-de howpsuzlygy üpjün etmek üçin binalaryň gurluşygy bilen düşündirdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, agzalan etraplara degişli serhetýaka obalar 2000-nji ýyllaryň başyndaky serhet bölünişiginde abat galypdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlarynyň goňşy ýurda sapar etmegine geçiş nokatlardaky uly nobatlar päsgelçilik döredýär.

Daşoguz welaýatynyň territoriýasynda iki sany serhet geçelgesi işleýär. Şawat geçelgesi Saparmyrat Nyýazow etrabynda we Hojeýli Köne-Ürgenç etrabynda ýerleşýär.

7-nji maýda Azatlyk Radiosynyň regiondaky habarçysynyň aýtmagyna görä, Daşoguz welaýatynda günde ýüzlerçe adam türkmen-özbek serhedinden geçmek üçin nobata durýar. Habarçymyzyň sözlerine görä, serhetden geçmek üçin ortaça bäş sagat gidýär.

Türkmen-özbek serhedinden geçmek üçin ýurtlaryň raýatlaryndan wiza talap edilýär, serhetýaka welaýatlaryň ýaşaýjylary üçin ýeňillik göz öňünde tutulýar, olara barýan ýurdunda alnan çakylygyň esasynda wiza serhetde berilýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri wagtal-wagtal goňşy ýurtlary bilen serhetlerini birtaraplaýyn ýapýar. Käte serhetleriň ýapylmagy döwlet baştutanynyň welaýatlara edýän saparlaryna, käte Türkmenistanda geçýän halkara çärelerine gabat gelýär.

Hususan-da, 2018-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistan syýahatçylyk, iş wizalaryna eýe bolan daşary ýurtlularyň Daşoguz welaýatynda türkmen-özbek serhedinden geçmegini gadan edipdi. Türkmen-özbek serhediniň geçiş nokatlary 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň başynda-da 10 günläp ýapyk durupdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Gazagystan bilen serhedi hem ýapyklygyna galýar. Bu barada Beýik Britaniýanyň hökümet websaýtynda berilýän maglumatda syýahatçylara alternatiw ýollary gözlemek, şol sanda Özbegistanyň üstünden geçmäge synanyşmak maslahat berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG