Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň müftüsi 2019-njy ýyl üçin Oraza pitresiniň mukdary hakynda fetwa çykardy


Ahal welaýatynda ýerleşýän Gökdepe metjidi
Ahal welaýatynda ýerleşýän Gökdepe metjidi

Türkmenistanyň müftüsi şu ýyl adamlaryň bermeli oraza pitreleriniň möçberi barada fetwa çykardy.

Ol karara laýyklykda, bu ýyl Türkmenistanda adamlaryň Oraza aýynda adam başyna berýän pitre sadakasynyň mukdary milli manatda 5 manat diýip kesgitlenildi.

Oraza aýynyň gelmegi bilen Türkmenistanyň müftüsi Ç. Seräýew 2019-njy ýylyň Oraza aýynda piträniň we nisabyň mukdary hakynda fetwa çykardy.

Türkmenistanyň müftüsiniň pitre we zekat barada çykaran soňky fetwasy
Türkmenistanyň müftüsiniň pitre we zekat barada çykaran soňky fetwasy

“Pitre sadakasy: Oraza baýramyna gowşup, esasy zerurlyklaryndan daşgary belli möçberde emlägi bolan musulmanyň özi hem-de eklenjindäki her bir adam üçin diniň bildiren möçberindäki emlägini çykaryp zerur bolan ýerine bermegidir” diýlip, müftiniň beren fetwasynda aýdylýar.

Şeýle-de onda pitre sadakasyny bugdaýdan, arpadan, hurmadan we kişmişden ybarat bolan dört görnüşli azyk maddasyndan, galyberse-de pul görnüşinde hem bermek bolýandygy düşündirilýär.

“Pitre sadakasynyň adam başyna bermeli mukdary milli manadymyzda 5 (bäş) manat diýip kesiglendi” diýlip, müftiniň beren fetwasynda aýdylýar.

Türkmenistanda pitre sadakasynyň mukdary geçen ýyldan başlap 5 manada çykarylypdy. Ondan ozal bu möçber adam başyna 2 manat diýlip kesgitlenilipdi.

2018-nji ýylda piträniň möçberi öňküsinden iki esse ýokarlandyrylanda, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmesiniň maglumatyna görä, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi mundan nägile bolupdy:

"Maşgala eklemek barha kynlaşýar, durmuş agyr, ykdysady kynçylyklar ilaty aljyradýar, müfti bolsa piträniň möçberini artdyrýar" diýip, çeşme gürrüňdeşleriniň sözlerine salgylanypdy.

Ýurduň bazarlarynda azyk harytlaryň ozalky ýyllar bilen deňeşdireniňde ýokarlanan bahalary saklanyp galýan wagty, ýurduň ilaty Oraza aýyna gadam basdy.

Ilatynyň 90 %-e golaýynyň musulmandygy käbir maglumat çeşmelerinde aýdylýan Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti ýurtda Oraza aýynyň haýsy günde başlanýandygy barada ýurduň köpçülikleýin ýaýradylýan esasy gazetlerinde maglumat çap etmedi.

Döwlet müftüsiniň soňky fetwasynda 2019-njy ýyl üçin zekat sadakasynyň möçberi hem kesgitlenýär.

“Bir adamy pitre we zekat sadakasyny bermäge borçly edýän emläk mukdaryna “nisap mukdary” diýilýär” diýip, fetwada aýdylýar.

Türkmenistanda 2019-njy ýyl üçin nisap mukdary milli manatda 34.000 manat möçberinde kesgitlenipdir. Bu Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kesgitlän resmi walýuta nyrhynda 10 müň dollar töweregi bolýar.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri Türkmenistanda adamlaryň pitre-zekady öz ýaşaýan ýeriniň ymamyna berýändiklerini habar berýär.

Halkara hukuk guramalary Türkmenistany din azatlygyny çäklendirýän ýurtlaryň hatarynda agzap gelýär. Türkmen häkimiýetleriniň ýaş adamlaryň sakgalyny zor bilen syrdyrmak ýaly çärelere baş goşýandygy barada habarlar çykýar.

Geçen aprel aýynda 2019-njy ýyl üçin ýaýradan hasabatynda Birleşen Ştatlaryň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy Türkmenistany ýene-de “Aýratyn alada bidirilýän ýurtlaryň” hataryna goşmak barada Döwlet departamentine çagyryş etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2014, 2016, 2017 we 2018-nji ýyllarda Türkmenistany din azatlyklary boýunça “Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” sanawyna goşupdy.

XS
SM
MD
LG