Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ŽGK ukrain žurnalistine edilen hüjümiň “hopukdyryjy” bolandygyny aýdýar


Polisiýa hüjümiň Komarowyň žurnalistiki işi sebäpli edilendigini aýdyňlaşdyrylmaýar.

Media azatlygyna gözegçilik edýän halkara guramasy Ukrainada žurnalist Wadym Komarowa edilen gazaply hüjümiň “hopukdyryjy” bolandygyny aýtdy.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žuranlistleri Goramak boýunça Komitet (ŽGK) ukrain resmilerine ýüzlenip, Komarowa edilen hüjümiň sebäplerini anyklamaga we munuň bilen ilteşikli şahsyýetleri jogapkärçilige çekmäge çagyrdy.

Komarowa 4-nji maýda, Kiýewiň 200 km günortasyndaky Çerkasy şäherinde hüjüm edildi. Munuň yzy bilen oňa keselhanada operasiýa geçirildi. 7-nji maýda ol heniz hem komada, ýagny huşsuz ýagdaýda bolmagyna galýardy.

Polisiýa bu işi adamyň janyna kast etmek synanyşygy diýen madda boýunça derňeýär. Şol bir wagtda, hüjümiň onuň žurnalistiki işi sebäpli edilendigini aýdyňlaşdyrylmaýar.

XS
SM
MD
LG