Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler Orsýetiň we ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanalaryna barýan adamlary soňra ‘gürrüňdeşlige’ çagyrýar


Illýustrasiýa suraty

Daşary ýurtlara ýaşamak üçin göçüp gitmäge isleg bildirýän türkmenistanlylaryň sany ýokary bolmagynda galýar. Türkmen häkimiýetleri Orsýet, Birleşen Ştatlary ýaly ýurtlaryň Aşgabatdaky ilçihanalarynyň binalarynyň gabatlarynda garawullyk edip, ol ýerde dürli meseleler boýunça agzalýan ilçihanalara ýüz tutýan raýatlaryň käbirlerini polisiýa bölümlerini äkidýärler we olar bilen gürrüňdeşlik geçirýärler. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 5-nji maýda habar berdi.

“Russiýa Federasiýasynyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky ilçihanalarynyň gabadynda adaty belgili ulaglar nobatçylyk edip, bu ilçihanalara dürli soraglar bilen ýüz tutýan raýatlary soňra ‘gürrüňdeşlige çagyrýarlar’. Adamlar polisiýa bölümine äkidilýär we ol ýerde polisiýanyň hem-de raýat eşigindäki howpsuzlyk işgärleriniň gatnaşmagynda olar bilen gürrüňdeşlik geçirilýär” diýip, Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy maglumat berdi.

Habarçy saklanyp gürrüňdeşlige “çagyrylýan” adamlaryň söhbetdeşlikden öň birnäçe sagatlap garaşmaga mejbur edilýändigini, olara psihiki basyş edilýändigini sözüniň üstüne goşdy.

“Ýöne içiňi ýakýan has stresli ýagdaý – adamlar özleriniň polisiýa bölümlerine näme sebäpden äkidilýändigini we özleriniň etmişiniň nämedigini bilmeýärler” diýip habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol ýetiren maglumatynda “gürrüňdeşlige” çagyrylýanlaryň aglabasynyň milleti türkmen bolan türkmenistanly ýaşlardygyny nygtady, ýöne çagyrylýanlaryň hatarynda käwagt milleti başga bolan adamlaryň ýa-da ýaşy ortadan ep-esli agan adamlaryň hem tapdyrýandygyny belledi.

“Gürrüňdeşlikde näme sebäpden ilçihana barylandygy anyklanylýar we watansöýüjilik barada, ýa-da bagtyýarlyk zamanasy barada takal okalýar. Soňra ýurtdan hatda wagtlaýynam bolsa gitmezlik maslahat berilýär. Saklanyp gürrüňdeşlige äkidilýän türkmenistanlylaryň köpüsi Orsýetiň ilçihanasyna barýan adamlardyr” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Ol agzalýan gürrüňdeşligiň takmynan üç sagada çekýändigini, söhbetdeşlikden çykan adamlaryň stresli ýagdaýda gazap bilen polisiýa bölümini terk edýändigini aýtdy.

Azatlygyň habarçysy şeýle ýagdaýa duçar bolan azyndan iki adamdan özüniň habarlydygyny sözüniň üstüne goşup, howpsuzlyk gulluklarynyň bu çäreleri soňky iki hepde bäri güýçli depginde alyp barýandygyny mälim etdi.

Türkmenistandan gelip gowuşýan habarlarda, häkimiýetleriň raýatlaryň daşary ýurtlara girip-çykmaklaryna gözegçiligi güýçlendirýändikleri habar berilýär. Muňa garamazdan, Azatlygyň habarçylary raýatlaryň gazanç etmek maksady bilen ýa-da tutuşlygyna göçüp çykmak üçin Türkmenistany terk etmäge synanyşýandyklaryny ýurtdan çykmagy başaran onlarça türkmenistanly ýaş oglan-gyzlara salgylanyp, habar berýärler.

Ýatlasak, 16-njy aprelde Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi migrasiýa işgärlerine salgylanyp, 30 ýaşyny doldurmadyk erkek adamlaryň ýurtdan çykmagyna gadagançylyk girizilýändigini habar beripdi.

Ondan ozal apreliň başynda adynyň efirde Öwez diýip tutulmagyny soran bir türkmenistanly özüniň Aşgabadyň aeroportundan Dubaýa uçmagyna sebäbi düşündirilmezden rugsat berilmändigini habar beripdi. Ol şonda “[daşary ýurda çykarmazlyk bilen] soňkuja eklenç çeşmämden kesdiler” diýip gatyrgandy we özüniň uçar biletiniň tölegleriniň hem köýendigini gürrüň berdi.

3-nji aprelde Aşgabadyň aeroportunda düşürilendigi aýdylýan bir wideoda onlarça ýolagçydan ybarat bir toparyň ýurtdan çykarylmandyklary sebäpli howa menzilinde geçiren nägilelik çäreleri görkezilýär.

Wideodan mälim bolşuna görä, ýollary petiklenen ýolagçylar gahar-gazaba münüp, özleriniň ýurtdan çykmaklaryna rugsat berilmegini talap edýärler.

Ýurduň syýasy durmuşyny yzarlaýan synçylar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň barha gowşaýandygyny, bu ýagdaýyň türkmenistanlylary eklenç ugrunda daşary ýurtlara çykmaga iterýändigini aýdýar.

Azatlygyň habarçylarynyň soňky maglumatlaryna görä, “gara bazarlarda” türkmen manadynyň amerikan dollaryna bolan gatnaşygy resmi kurs bilen deňeşdireniňde 6-7 esse gymmatlap, düýn, 4-nji iýunda ýurduň demirgazygynda 1 dollaryň bahasy 29 manada baryp ýetdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG