Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda hususy taksiler ‘awlanýarka’, sürüjiler polisiýa bilen ‘ylalaşmaga’ synanyşýarlar


Aşgabadyň halkara aeroporty. Arhiwden alnan surat
Aşgabadyň halkara aeroporty. Arhiwden alnan surat

Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň hususy eýeçilikdäki taksileri saklap, olara pul jerimesini salmak çäresi dowam edýän mahalynda, käbir sürüjiler polisiýa işgärleri bilen “ylalaşmak ýa-da para bermek” arkaly bu ýagdaýdan çykalga tapmaga synanyşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, şu günler Aşgabadyň halkara aeroportunyň daşynda hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjileriň ençemesini görse bolýar we olar usullyk bilen müşderileri aeroportdan alyp gidýärler.

“Hususy taksi sürüjileri polisiýa işgärleri bilen ylalaşýarlar. Mysal üçin, paýtagtyň aeroportunda şeýle sürüjileriň bir topary polisiýa işgärleri bilen öňünden gürleşip, aeroportdan müşderini alyp gaýdanlary üçin her gezekde 10 manat möçberinde pul töleýärler. Bu resmi bolmadyk töleg. Taksi sürüjileri müşderilerden kireý puluny alanda, hamala, salamlaşýan ýaly edip, eliniň aýasyndan alýarlar. Polisiýa işgärleri-de bu ýagdaýy görmedik bolýar” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy 13-nji maýda gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol aeroportdan ugraýan hususy taksi sürüjileriniň müşderiniň ýaşaýan ýeriniň uzaklygyna görä, 10 manatdan 20 manada çenli aralykda töleg alýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Beýleki tarapdan, paýtagtyň dürli künjeginde PÝGG-niň işgärleriniň hususy ýeňil awtoulagynda ýa-da “marşrutka” diýlip atlandyrylýan mikroawtobusynda kireý edýän sürüjileri saklap, olara jerime salmak çäresi dowam edýär.

“Ýeňil ulaglara we marşrutkalara, aýratyn-da dynç günleri talap ýokary bolýar. Sebäbi Çoganlydaky gonamçylyga we “Altyn Asyr” gündogar bazaryna gitjek adam köp bolýar. Düýn, 12-nji maýda bu ugra gidýän ýoluň gyrasynda dürli ýerlerde PÝGG-niň azyndan sekiz ulagy durdy. Olar hususy taksi sürüjilerini saklap, olara jerime salýardy” diýip, habarçy aýtdy.

Geçen hepde Azatlyk Radiosy bilen Marydan habarlaşan okyjy hem, hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjilere garşy gözegçiligiň bu welaýatda hem dowam edýändigini habar berdi. Anonim şertde maglumat beren okyjy PÝGG-niň işgärleriniň köçä çykan “taksi sürüjilerini awlaýandygy” aýtdy.

Şu aýyň başynda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary türkmen häkimiýetleriniň hususy taksi sürüjilerine garşy görýän çäklendirme çäreleriniň Daşoguz welaýatyna hem baryp ýetendigini habar beripdi.

Türkmenistanda PÝGG-niň işgärleri tarapyndan saklanylan taksi sürüjilerine birinji gezekde 500 manat, ikinji saparda 1000 manada çenli pul jerimesi salynýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary hususy ulagynda kireý edýän sürüjilere garşy gözegçilikler dowam edýän mahalynda, PÝGG-niň işgärleriniň hiç hili düşündiriş bermezden zenan sürüjileriň sürüjilik şahadatnamasyny gaýtadan alyp başlandygyny hem aýdýarlar.

“Men diňe geçen ýekşenbe gününde, ýagny bir günüň dowamynda 5 sany aýal-gyzyň sürüjilik şahadatnamasynyň elinden alnandygyny eşitdim” diýip, habarçy aýtdy.

17-18-nji fewralda türkmen paýtagtynda PÝGG-niň işgärleri sürüji aýal-gyzlaryň awtoulaglaryny saklap, dürli bahanalar esasynda, olaryň sürüjilik şahadatnamalaryny alyp başlapdylar. Ýöne 27-nji martda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 10 manat jerime tölänlerinden soň, aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň yzyna berlip başlanandygyny habar beripdi.

Türkmenistanda hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjilere edilýän gözegçilikler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji aprelde içeri işler ministri Isgender Mulikowa “berk käýinç” yglan etmeginiň yzýany güýçlenip başlandy.

Aşgabatda hususy taksilere garşy alnyp barylýan bu çäräniň fonunda, şäherde transport ýetmezçiligi emele geldi. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary döwlet eýeçiligindäki taksileriň şäherde emele gelen transport ýetmezçiliginden peýdalanyp, öz nyrhlaryny öňküsinden 3-4 esse gymmatladandygyny aýtdylar.

Türkmenistandaky hususy taksi problemasy we munuň ilata ýetirýän täsirleri barada türkmen häkimiýetleri resmi metbugatda çykyş etmän gelýärler. Bu hakda döwlet mediasynda hem mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG