Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da Russiýa bilen bagly barlagyň gelip çykyşyny derňemek üçin prokuroryň bellenilendigi habar berilýär


ABŞ-nyň baş prokurory William Barr
ABŞ-nyň baş prokurory William Barr

ABŞ-nyň baş prokurory William Barr Russiýanyň 2016-njy ýyldaky saýlawlara gatyşandygy baradaky derňewiň gelip çykyşyny seljermek üçin federal prokurory belledi diýip, Associated Press agentligi habar berýär.

Maglumata görä, Konnektikut ştatynyň prokurory Jon Durham Trampyň kampaniýasy bilen baglylykda aňtaw maglumatlary toplamagyň “kanuny we ýerlikli” bolup-bolmandygyny derňär.

Şeýle derňewiň geçirilmegine prezident Donald Tramp çagyryş edipdi. Ol Russiýa bilen baglylykda geçirilen barlagy özüne garşy alnyp barylan “arwah awy” atlandyrypdy.

Tramp, şeýle-de onuň tarapdarlary Adalat Departamentini we Derňewler boýunça Federal Býurony onuň kampaniýasynyň çäginde bikanun içalyçylyk etmekde aýypladylar.

Şol bir wagtda, Barryň tankytçylary ony adalatyň hatyrasyna däl-de, Trampyň bähbitleri ugrunda iş alyp barýandygyny aýdýarlar.

Birleşen Ştatlaryň ýörite geňeşçisi Robert Mueller 2016-njy ýylyň saýlawlaryna ruslaryň gatyşygy barada ýurduň aňtaw gulluklarynyň gelen netijelerini tassyklady. Şol bir wagtda, ol Tramp rus resmileri bilen gizlin hyzmatdaşlyk etmedi diýen netijä geldi.

XS
SM
MD
LG