Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Türkmenhowaýollarynyň’ biletleri öňki nyrhdan satylýar; bilet gytçylygy saklanýar


Aşgabatda bilet satyn almak üçin öz nobatyna garaşýan adamlar. Arhiwden alnan surat

“Türkmenhowaýollarynyň” halkara gatnawlarynyň biletleriniň öňki bahasynda saklanyp galýandygyny, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.

Mundan ozal, türkmen awiakompaniýasynyň halkara ugurly uçarlarynyň biletleriniň bahalarynyň iki esse gymmatladyljagy barada habarlar peýda bolupdy.

Azatlyk Radiosynyň anonim şertde maglumat beren habarçysy 13-nji maýda “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa gatnawlarynyň Aşgabatdaky baş gullugyna baryp, türkmen awiakompaniýasynyň halkara ugurly uçarlarynyň käbir biletleriniň şu günki bahalaryny öwrendi.

“Aşgabat-Moskwa-Aşgabat gatnawlarynyň ekonom klas üçin gidiş we geliş biletleriniň bahasy 3120 manada barabar. Diňe bir tarapyna bilet aljak bolsaň, bir biletiň bahasy 2480 manada deň. Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawlarynyň ekonom klas üçin gidiş we geliş biletleriniň bahasy 3101 manada barabar. Onuň bir tarapyna biletiň bahasy 2486 manada deň” diýip, habarçy “Türkmenhowaýollarynyň” halkara gatnawlarynyň biletlerini öňki bahasyndan satýandygyny aýtdy.

Ýöne habarçy “Türkmenhowaýollarynyň” Aşgabatdaky edarasynda türkmen paýtagtyndan Moskwa gitmek üçin iň ýakyn senedäki biletiň şu ýylyň 22-nji oktýabryna, ýagny bäş aýdan hem gowrak wagt soňa satylýandygyny, ondan öňdäki senelerde biletiň ýokdugyny aýdýar.

“Aşgabatdan Stambula gitjek bolsaň-da, 28-nji awgustdan öň bilet tapdyrmaýar” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde habarlaşan aşgabatly ýaşaýjylaryň birnäçesi hem ýokarda aýdylanlary tassyklady. Ýöne olar raýatlar biletiň hakyky bahasynyň üstüne ýene 200 amerikan dollaryny berse, onda “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa gatnawlarynyň Aşgabatdaky baş gullugyndaky ýa-da ondan daşardaky käbir “bilet araçylarynyň” has ýakyn günler üçin hem bilet tapyp berýändigini aýdýarlar.

"Türkmenhowaýollary" kompaniýasynyň halkara gatnawlar boýunça biletleriniň täze bahalaryny görkezýän resminama Azatlyk Radiosyna gowuşdy.
"Türkmenhowaýollary" kompaniýasynyň halkara gatnawlar boýunça biletleriniň täze bahalaryny görkezýän resminama Azatlyk Radiosyna gowuşdy.

“Kassada işleýänler bilet ýok diýse-de, ýörite araçylar ‘ýok’ biledi ‘bar’ edýärler. Munuň üçin olara bilediň bahasyndan başga-da 200 dollar berseň bolýar. Olar muny diňe amerikan dollarynda kabul edýärler” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlary “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa gatnawlarynyň Aşgabatdaky baş gullugyna ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek synanyşyklary netije berdi.

Bilet temasy Facebook sosial ulgamynyň türkmenistanly ulanyjylarynyň arasynda hem gyzyklanma döredipdir.

Ulanyjylaryň biriniň “Türkmenhowaýollarynyň” halkara gatnawlarynyň biletlerini öňki bahasyndan satýandygy barada çap eden maglumatyny sosial ulgamdaky beýleki ulanyjylaryň aglabasy gowy garşy alypdyr.

Olaryň biri özüniň 8-nji maýda 9-njy maý üçin öňki bahadan bilet satyn alandygyny, biletiň tapylanyna özüniň hem geň galandygyny ýazypdyr. Beýleki bir ulanyjy bolsa, oňa “kassada biletler peýda boldumy?” diýen soragy beripdir.

Ýene bir Facebook ulanyjysy “[kassada oturan işgärler] 1-nji oktýabra çenli biletleriň ýokdugyny aýdýarlar. Ýöne bu diňe şeýle diýlip aýdylýar. Eger-de bilet satyn almagy örän köp isleseňiz, onda ony alyp bolýar” diýip, kinaýaly teswir galdyrypdyr. Şeýle-de, ulanyjy 1-nji iýuna çenli biletleriň öňki bahadan satyljakdygyny hem belläpdir.

Ýene bir Facebook ulanyjysy bolsa, biletleri özleriniň onsuz-da gymmat bahadan satyn alýandyklaryny, sebäbi bilet gerek bolanda, onuň hiç haçan tapdyrmaýandygyny aýdypdyr.

Azatlyk Radiosynda bilet temasyna goşulan Facebook ulanyjylary barada takyk maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

2-nji maýda Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkmen awiakompaniýasynyň halkara ugurly uçarlarynyň biletleriniň bahalarynyň 15-nji maýdan iki esse gymmatladyljagyny habar beripdi.

Emma “Türkmenistanyň Hronikasy” şol gün biletleriň eýýäm gymmatlandygyny habar berdi. Şonda neşir “Türkmenhowaýollarynyň” Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawlarynyň ekonom klas üçin uçar biletleriniň bahasynyň 7 müň manada ýetendigini aýtdy. Biletleriň täze nyrhlary barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna-da ýörite resminama gelip gowşupdy.

“Türkmenhowaýollary” gullugy biletleriň bahasynyň gymmatlamak ähtimallygy barada kommentariýa bilen çykyş etmän gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG