Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollary" biletlerini gymmatladýar, iýunda Ýewropa gatnawlarynyň dikeldilýändigini aýdýar


Türkmen uçary
Türkmen uçary

“Azatlygyň” Aşgabatdaky çeşmesi “Türkmenhowaýollarynda” işleýän garyndaşyna salgylanyp, türkmen awiakompaniýasynyň halkara ugurly uçarlarynyň biletleriniň bahalarynyň 15-nji maýdan iki esse gymmatladyljagyny habar berýär. Şu aralykda ýerli habarçymyz häzir Moskwa gitmek üçin biletiň bahasynyň parasyz 4338 manatdygyny, paranyň möçberiniň 50 dollardan başlanýandygyny habar berdi.

Emma "Türkmenistanyň Hronikasy" şu gün, öz habarçylaryna salgylanyp, biletleriň iki esse gymmatladylandygyny tassykalady. Ýöne radionyň bu kompaniýanyň Aşgabatdaky edarasyndan resmi düşündiriş almak synanyşygy netije bermedi.

Bu habar türkmen häkimiýetleriniň Türkiýä işlemäge gidýän zähmet migrantlaryny ýüzläp uçardan alyp galýan we deportasiýa edilen migrantlary “gara sanawa” girizmegi güýçlendiren wagtyna gabat geldi.

Resmi Aşgabatdan tapawutlylykda, “Türkmenhowaýollarynyň” Sank-Peterbugrdaky wekili anyk bir zat aýtmazdan, bilet bahalarynyň üýtgemeginiň kadaly zatdygyny, diýmek, ol ýa-da beýleki ugra uçýan uçarlaryň bilet bahalarynyň gymmatlap biljekdigini, munuň hemişe bolýan zatdygyny aýtdy. Ýöne ol türkmen uçarlarynyň ýewropa ýurtlaryna gatnawynyň haçan dikeldilýändigi baradaky soraga “bilemok” diýip jogap berdi.

Şol bir wagtda “Türkmenhowaýollarynyň” resmi websaýtynda Aşgabatdan Ýewropa ýurtlaryna amala aşyryljak uçar gatnawlary barada maglumat peýda boldy. Resmi maglumata görä, türkmen uçarlary şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, Aşgabatdan Angliýanyň London, Birmingham, Germaniýanyň Frankfurt şäherlerine ýolagaçy äkidip, ol ýerlerden ýolagçy getirip ugrar.

Şeýle-de, Aşgabat-Amritsar aralygyndaky uçar gatnawy barada habar berilýär. Bu türkmen uçarlarynyň ýewropa ýurtlarynyň howa giňişligini ulanmagyna girizlen çäklendirmäniň hakykatda ýatyrylandygyny ýa-da bölekleýin ýatyrylandygyny aňladýar.

Emma milli kompaniýanyň websaýtynda ýa-da türkmen metbugatynda bu täzelige häzirlikçe hiç bir düşündiriş berilmedi. Ikinji tarapdan, “Türkmenhowaýollarynyň” Aşgabat-Pariž aralygyndaky uçar gatnawynyň haçan dikeldiljegi nämälim bolmagynda galýar.

“Azatlygyň” ozal habar berşi ýaly, Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy gullugy (EASA) 4-nji fewralda “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçýan we bu bileleşigiň howa giňişliginiň üstünden amala aşyrýan uçuşlaryny togtatdy.

Türkmen häkimiýetleri, beýleki meselelerde hem bolşy ýlay, “Türkmenhowaýollaryna” girizilen gadagançylyk we onuň sebäpleri barada ýolagçylara we jemgyýetçilige anyk düşündiriş bermegi zerur hasaplamadylar.

Şonda ekspertleriň käbiri Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy gullugynyň gadagançylygynyň çynlakaý problemadygyny belläp, türkmen uçarlarynyň ýewropa bazaryna, hatda tranzit uçuşlaryna gaýtadan dolanmagy üçin hem bir ýyldan gowrak wagtyň gerek boljagyny aýtdylar.

Ýöne şol aralykda, eýýäm fewralyň ortalarynda “Türkmenhowaýollarynyň” ýewropa gadaganlygyndan çykmak üçin “Lufthansa Consulting” geňeş kompaniýasy bilen işleşmäge başlandygy mälim boldy.

Şwesiýada aýaşaýn türkme ykdysatçysy Hudaýberdi Orazow resmi Aşgabadyň bu meselede öz wagtynda gören çäreleriniň netijeli bolup çykana meňzeýändigini belleýär. Ikinji tarapdan, ol türkmen awiasiýasynyň mümkinçilikleri, täze satyn alnan uçarlar we gurlan uçar desgalary dogry ulanylan ýagdaýynda, bu pudakdan uly peýda geljekdigini, halkara guramalary bilen işleşmegi, olaryň aýdan zatlaryny diňlemegi dowam etdirmelidigini aýdýar.

Ýerli synçylar “Türkmenhowaýollarynyň” halkara howa howpsuzlygy standartlaryndan başga-da üns bermeli meselesiniň az däldigini belleýärler.

Mysal üçin, soňky aýlarda “Azatlyk” Aşgabatdan Gazagystanyň Almaty şäherine gatnaýan türkmen uçaryndaky korrupsiýa faktlary, hususan-da gaçak dokma ýükleriniň şahsy goşlar hökmünde hasaba alnyşy, bu ýagdaýyň adaty ýolagçylaryň goşlarynyň gijikmegine sebäp bolşy baradaky habarlary çap etdi.

Mundan başga, “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylarynyň goşlarynyň ogurlanmagy, uçardaky ýolagçy hyzmatlarynyň hili barada hem oňaýsyz habarlar çykýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG