Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy sebitdäki ýagdaýlar sebäpli amerikan raýatlaryny hüşgärlige çagyrýar


Amerikan baýdagy

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky we Daşkentdäki ilçihanalary sebitdäki dartgynlyklaryň ýokarlanmagy bilen baglylykda amerikan raýatlaryň ählisine hüşgär bolmak maslahatyny berýär.

“ABŞ raýatlaryna ýokary derejede hüşgär bolmak we ýagdaýlardan gowy habardarlyk praktikasyna eýermek berk maslahat berilýär” diýip, Aşgabatdaky amerikan ilçihanasynyň 14-nji maýda çap eden beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de ilçihana amerikan raýatlaryna özlerine kän ünsi çekmezligi, töwerek-daşdan seresap bolmagy ündeýär.

ABŞ-nyň Daşkentdäki ilçihanasynyň beýanatynda daşary ýurtlara syýahat edýän amerikanlaryň hüşgär bolmagy bilen bilelikde, olara köp adamly we üýşmeleňli ýerlerden gaça durmaklary, hususan-da daşary ýurtlulardan çekeräk durmaklary, şeýle-de kän ünsi çekmezlik maslahat berilýär.

Mundan başga, amerikan raýatlaryna, kömek gerek bolanda ýüz tutmaklary üçin, telefon nomerleri we beýleki salgylar berilýär.

Ilçihana “sebitdäki dartgynlyklaryň ýokarlanmagy” diýende, nämäni göz öňünde tutýandygyny anyklaşdyrmaýar.

Bu hüşgärlik duýduryşy Gazagystanda uzak wagtlyk prezident Nursoltan Nazarbaýewiň işden çekilmeginiň yzysüre duýulýan ynjalyksyzlyga, gazak aktiwistleriniň adalatly we azat saýlawlar baradaky çagyryşlarynyň tussaglyk çäreleri bilen garşylanýan wagtyna gabat geldi.

Şu aralykda, Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň Waşington 2015-nji ýylda Eýran bilen dünýä döwletleriniň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykaly bäri geçen bir ýyl içinde barha dartgynlaşandygy bellenilýär.

Eýran 8-nji maýda, ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çekilmeginiň bir ýyllygyna gabat, dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadro şertnamasy astyndaky borçnamalaryny kemeltjekdigini, ýokary derejede uran baýlaşdyrmaga başlajakdygyny aýdyp, haýbat atdy.

Waşington bu beýanata Ýakyn Gündogara harby gämi we bombalaýjy uçarlary ibermek bilen jogap berdi.

Şu aralykda “The New York Times” gazeti ABŞ-nyň eýran wehimine garşy durmak üçin Ýakyn Gündogara 120 müň amerikan esgerini ibermek planyna seredýändigini habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, Ak tam bu güýçleri Eýran ABŞ güýçlerine hüjüm eden ýa-da ýadro ýaraglarynyň üstünde işlemegini çaltlandyryan ýagdaýynda ulanmakçy bolýar.

Emma ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu maglumaty ret etmek bilen, ony “feýk news”, ýagny galp habar hökmünde häsiýetlendirdi.

Ol “Meniçe, bu galp habar, şeýle dälmi? Häzir men şeýle zat ederinmi? Men muny gürrüňsiz ederin. Emma häzir biz muny planlaşdyrmadyk” diýip, Tramp 14-nji maýda Ak tamda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

“Umyt edýärin, biz munuň planyny çekmeli bolamarys. Ýöne şeýle plan çekmeli bolsak, biz has kän goşun ibereris” diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi.

“Times” ady aýdylmadyk adminstrasiýa resmilerine salgylanyp, 13-nji maýda goranmak sekretarynyň wezipesini ýerine ýetirýän Patrick Şanahanyň geçen hepde bu plan bilen Trampyň ýokary derejeli howpsuzlyk geňeşçilerini tanyşdyrandygyny habar berdi.

Şu aralykda ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçihanasy Döwlet departamentiniň, Eýran bilen aradaky dartgynlyklaryň ýokarlanmagynyň arasynda, "adatdan daşary hökümet işgärleri bolmadyklaryň" ählisiniň Yragy terk etmegini buýrandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Rus dilinde hem okaň

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG