Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ resmileri Türkiýäniň rus raketa ulgamyny satyn almak planlaryndan el çekmäge çagyrdylar


ABŞ we NATO resmileri Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogany rus raketa ulgamyny satyn almak planlaryndan el çekmäge çagyrypdylar.

ABŞ-nyň ýokary derejeli syýasatçylarynyň topary Türkiýä ýüzlenip, Ankaranyň Russiýanyň S-400 raketa hüjüminden goranyş ulgamyny satyn almak baradaky planlaryndan el çekmäge çagyrdy. Günbatar güýçleri munuň NATO ulgamlary bilen utgaşmaýandygyny, şeýle-de ABŞ-nyň öndürýän harby uçarlaryna howp abandyrýandygyny aýdýarlar.

Wekiller öýüniň Daşary Gatnaşyklar boýunça komitetiniň demokratik ýolbaşçysy Eliot Engel we respublikan agzasy Maýkl MakKaul (Michael McCaul) 15-nji maýda beýanat ýaýradyp, Kongresiň prezident Rejep Taýyp Erdoganyň NATO-nyň möhüm ýaranyny alyp barýan ugruna alada bildirýändigini” bellediler.

“Wladimir Putine ýaranjaňlyk etmek kabul ederliksizdir. Eger-de, Erdogan Russiýanyň S-400 ulgamyny almak ugrundaky hereketlerini dowam etdirse, ABŞ-nyň Kongresi elini gowşuryp oturmaz. Bu kanun Erdogana açyk habary ýollaýar: eger-de şu ýoluňy dowam etdirseň, agyr netijeler bilen ýüzbe-ýüz bolarsyň” diýip, MakKaul belledi.

ABŞ Ankarany rus raketa ulgamyny satyn almak planlaryndan el çekmäge çagyrypdy. NATO agzalary hem munuň ABŞ-nyň öndürýän F-35 harby uçarlaryna howp abandyryp biljekdigine alada bildiripdiler.

XS
SM
MD
LG