Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Eýranyň “basym” gepleşiklere ymtyljagyna ynanýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň Tähranyň “basym” Waşington bilen gepleşik geçirmäge çalyşjagyna ynanýandygyny aýdýar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň Tähranyň “basym” Waşington bilen gepleşik geçirmäge çalyşjagyna ynanýandygyny aýtdy we öz adminstrasiýasynyň içinde öz Eýran syýasty bilen ylalaşmaýanlaryň hem bardygy hakyndaky media maglumatlaryny ret etdi.

"Men Eýranyň basym gepleşmäge çalyşjakdygyna ynanýaryn" diýip, Tramp 15-nji maýda twitterde, pikirini anyklaşdyrmazdan ýazdy.

Trampyň bu sözleri onuň 9-njy maýda Eýran bilen arada harby gapma-garşylyk bolmak ähtimallygyny aradan aýyrmaýandygy hakynda aýdan sözleriniň üstüni ýetirýär. Ýöne ol şonda pikirini anyklaşdyryp, “Men Eýran babatynda näme görmek islärdim, men olaryň özüme jaň edenini görmek islärdim” diýdi.

Eýran ýolbaşçylary Waşington bilen hiç bir gepleşigiň bolmajagyny aýdyp, kesgin jogap berdiler.

Dartgynlyklar Tramp 2018-nji ýylyň maýynda Birleşen Ştatlary Eýranyň 2015-nji ýylda dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadro ylalaşygyndan çykaraly bäri ýokarlanyp gelýär. Bu şertnama Tährana öz ýadro programmasyny jylawlamagynyň deregine sanksiýalardan azat bolmak mümkinçiligini berdi.

Tramp bu şertnamadan çekilmek bilen, onuň şertleriniň Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinmeginiň öňüni almak üçin ýeterlik derejede berk däldigini, şeýle-de bu ylalaşygyň Eýranyň raketa programmasyny we Tähranyň sebitdäki jeňçilere goldaw berýändigi barada aýdylýanlary öz içine almaýandygyny aýtdy.

Eýran özüniň pitneçilik işlerine goldaw berýändigi barada aýdylýanlary ret edýär we öz ýadro programmasynyň diňe siwil energiýa maksatlaryna gönükdirilendigini öňe sürýär.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 16-njy maýda özüniň Tokio sapary mahalynda, ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çekilmegine garamazdan, Tähranyň “aňrybaş sabyrlylyk” görkezýändigini aýtdy we Waşingtony krizisi “kabul ederliksiz” gyzdyrmakda aýyplady.

"...Birleşen Ştatlaryň geçen maýda BTHP-den çykanyna garamazdan, biz aňrybaş derejede sabyr-takat edýäris” diýip, ol resmi taýdan Bilelikdäki töwerekleýin hereket plany” diýip bilinýän ýadro ylalaşygyny nazara alyp aýtdy.

Zarif Tähranyň bu ylalaşyga ygrarly bolup galandygyny aýtdy we halkara inspektorlarynyň Eýran bu şertnama astyndaky borçlaryny ýerine ýetirýär diýendigini belledi.

Ol Ýaponiýanyň we beýleki ABŞ ýaranlarynyň “bu gymmatly halkara şertnamasynyň saklanmagy üçin praktiki çäreleri görmegine” umyt bildirdi.

Tramp Eýrandan abanmagy mümkin howp-hatarlara salgylanyp, ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky we Pars aýlagyndaky harby kuwwatyny artdyrmagy buýurdy. Döwlet departamenti bolsa, goňşulykdaky Eýran bilen aradaky dartgynlyklara salgylanyp, Yrakdaky ABŞ ilçihanasyndan gaty zerur bolmadyk işgärleriň ählisiniň ewakuasiýa edilmegini buýurdy.

Şu aralykda Tramp Ak tamda prezidentiň Eýrana degişli syýasatlary babatda oňuşmazlyk dörändigi hakyndaky media habarlaryny tankytlady.

"Galp habarly “Washington Post” we ondan hem galp habarly“New York Times”meniň Ýakyn Gündogardaky güýçli syýasatym babatda oňuşmazlyk bardygy hakynda makala ýazýar” diýip, ol twitterde ýazdy.

“Ol ýerde hiç bir oňuşmazlyk ýok” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Başga-başga pikirler aýdylýar we men soňundan aýgytly hem-de gutarnykly karar kabul edýärin, bu örän ýönekeý proses” diýip, Tramp aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG