Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda türkmenistanly studentiň iki aýlyk bäbeginiň jesedi tapyldy


Belarusyň polisiýa işgärleri. Arhiwden alnan surat
Belarusyň polisiýa işgärleri. Arhiwden alnan surat

16-njy maýda Belarusyň Brest şäherindäki derýanyň kenarynda türkmenistanly studentiň iki aýlyk bäbeginiň jesedi tapyldy. Bu barada Belarusyň Içeri işler ministrliginiň Brest regiony boýunça müdirligi we belarus media serişdeleri habar berýärler.

Belarusyň Derňew komitetiniň Brest regiony boýunça müdirliginiň resmi wekili Dmitriý Iwanýukyň “ont.by” neşirine beren maglumatyna görä, şäheriň kanun goraýjy organlaryna 28 ýaşyndaky aýalyň täze doglan gyz bäbegi bilen 10-njy maýda şäheriň 1-nji Saglyk öýünden goýberilendigi we şondan bäri onuň gyzynyň ýerleşýän ýeriniň nämälimdigi barada maglumat gowuşýar.

“Aýalyň beren maglumatlaryny nazara alyp, operatiw topar howdanyň çäginde we oňa ýanaşyp duran kenarda gözleg-derňew işlerini geçirdi. Polisiýa işgärleri gyz bäbegiň jesedini tapdylar” diýip, belarus resmisi Dmitriý Iwanýuk aýtdy.

Belarusyň “ont.by” neşiriniň 16-njy maýda beren maglumatyna görä, şäheriň merkezindäki Muhawes sebitinde ýorgana dolanan görnüşinde tapylan bäbegiň bedeninde onuň gynamalar zerarly aradan çykandygy barada alamatlar ýok ýaly bolup görünýär.

Belarusyň Içeri işler ministrliginiň Brest regiony boýunça müdirliginiň 16-njy maýda ýaýradan maglumatynda agzalýan türkmen raýatynyň 1990-njy ýylda doglandygy we Brestiň döwlet uniwersitetleriniň birinde bilim alýandygy aýdylýar.

Maglumatda bäbegiň wagtyndan ir 17-nji martda doglandygy we onuň saglyk gözegçiliginde saklanandygy bellenilýär. Saglyk öýüniň lukmany bäbegi görmäge baranda, olary kwartirada tapyp bilmeýär. Şondan soňra belarus häkimiýetleri bäbegiň we aýalyň ýerleşýän ýerini kesgitlemek boýunça gözleg işlerini geçirýärler.

“Aýal polisiýa işgärlerine bäbegiň ýitendigi barada dürli, bulaşyk jogaplary berdi. Soňra bäbegiň betbagtçylyk netijesinde aradan çykandygyny aýtdy we munuň jogapkärçiliginden gorkup, ony derýanyň kenarynda goýup gaýdandygyny, ýöne anyk nirä goýanynyň ýadyna düşmeýändigini belledi. Häzirki wagt çaganyň jesedi saglyk ekspertizasyna iberildi. Onuň netijesine görä, çaganyň ölümine nämäniň sebäp bolandygy anyklanar” diýlip, Belarusyň Içeri işler ministrliginiň Brest regiony boýunça müdirliginiň maglumatynda bellenilýär.

Belarusyň “ont.by” neşiriniň habaryna görä, häzirki wagt bäbegiň ejesi polisiýanyň gözegçiliginde saklanyp, oňa garşy “adam öldürmek” boýunça jenaýat işi gozgaldy.

Belarus türkmenistanly ýaşlaryň ýokary bilim almak üçin köp barýan esasy ýurtlarynyň biridir.

Geçen ýylyň awgust aýynda Belarusyň Bilim ministrligi daşary ýurtly studentleriň arasynda türkmenistanlylaryň san taýdan birinji ýerde durýandygyny mälim etdi. Belarusyň resmi statistikasyna görä, 2017-2018-nji okuw ýylynda bu ýurduň ýokary okuw jaýlarynda 7 911 sany Türkmenistanyň raýaty bilim alypdyr.

Soňky ýyllarda belarus media serişdelerinde türkmenistanly studentler bilen bagly dürli habarlar peýda bolýar.

Şu ýylyň 21-nji martynda Belarusyň Gomel şäherinde 19 ýaşly türkmenistanly studentiň kireýne alyp ýaşaýan jaýynyň eýesini pyçaklandygy barada “gomel.today” neşiri habar beripdi.

Neşiriň Gomeliň Derňew komitetiniň resmi wekili Mariýa Kriwonogowa salgylanyp, beren maglumatyna görä, türkmen studenti zenana talamak maksady bilen hüjüm edipdir we onuň sumkasyny alypdyr.

Türkmen häkimiýetleri Belarusda okaýan türkmen studentleri barada çykan habarlar hakynda kommentariýa bilen çykyş etmän gelýärler. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG