Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň azyk gytçylygy: Aşgabatda şeker gytalýar, Daşoguzda et gymmatlaýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda azyk dükanlarynyň biriniň gapysyna asylan bellik

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde käbir iýmit önümleriniň hususy söwdadaky bahalarynyň gymmatçylygy we olaryň döwlet dükanlaryndaky gytçylygy täzeden güýçlenýär.

“Üç gün mundan ozal bazarlardan şeker ýitirim boldy. Indi onuň haçan geljegini bilýän adam ýok” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 21-nji maýda habar berdi.

Azatlyk Radiosy Aşgabatdaky şeker gytçylygy barada 15-nji maýda-da habar beripdi.

Paýtagtdaky ikinji habarçymyz döwlete degişli dükanlardan şeker satyn almak üçin uzyn nobatlaryň döreýändigini aýdýar.

Onuň maglumatyna görä, şekeriň gytalmagy bilen, meselem, paýtagtyň döwlete degişli 79-njy dükanynda onuň söwdasy eden-etdilikli ýola goýulýar.

Onuň sözlerine görä, beýleki döwlet dükanlarynda ir bilen ilata satylýan şeker agzalýan dükanda köplenç satylmaýar, satylan ýagdaýynda-da ol gysga wagtyň içinde gutarýar.

Habarçy ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp, bu döwlet dükanyndaky şekeriň teýden hususyýetçilere satylýandygyna şübhe bildirilýändigini habar berýär.

“Sebäbi hususy dükanlarda şekeriň 1 kilogramy 12 manada çenli çykýar” diýip, ol sözüne goşýar.

Azatlyk Radiosy degişli resmilere bu maglumatlary tassykladyp bilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy paýtagtyň “Teke bazaryndaky” azyk haryt üpjünçiligi barada habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, “Teke bazarda” şeker we bananyň gytçylygyny görse bolýar.

Habarçy un üpjünçiligi barada maglumat berýär:

Gazagystandan import edilýän unuň 1 kilogramy “Teke bazarda” we döwlet dükanlarynda 4 manat. Onuň hususyýetçilerdäki bahasy 8 manat”

Onuň sözlerine görä, Eýrandan import edilýän almanyň 1 kilogramy döwlet dükanlarynda 6 manat, hususy dükanlarda 12 manat.

“[Teke bazarda] ýerli mesgäniň 1 kilogramy 38 manat, Orsýetden we Belarusdan getirilen iň arzan mesgäniň 1 kilogramy 40 manat. Beýleki mesgeleriň 200 gramy 35 manatdan başlanýar. Guzy etiniň 1 kilogramy 35 manat, sygyr eti 30 manat. Gurby çatýan adamlar olary azyk haryt satylýan dükanlardan satyn almaga synanyşýar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy etiň bahasynyň birden gymmatlandygyny habar berýär.

Onuň maglumatyna görä, 1 aý töweregi mundan ozal etiň 1 kilogramy Daşoguzda 18-22 manada duran bolsa, häzirki wagtda sygyr etiniň 1 kilogramy 30 manada, guzy eti 32-35 manada çykdy.

Türkmenistanyň döwlet mediasy ýurtda azyk bolçulygynyň döredilýändigini gaýtalaýar.

Galyberse-de, Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň, şeýle-de harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň fonunda, ýurduň hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ondan ozal ilata mugt berlen elektrik energiýasynyň, gazyň, suwuň we beýlekileriň ýeňillikli üpjünçiligini ýatyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG