Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus prezidenti Wladimir Putine jemgyýetde bildirilýän ynam 13 ýylda iň pes derejesine düşdi


Rus prezidenti Wladimir Putin. Arhiw suraty
Rus prezidenti Wladimir Putin. Arhiw suraty

Rus prezidenti Wladimir Putine jemgyýetde bildirilýän ynam, Orsýetiň döwlet pikir soraýyş guramasynyň maglumatyna görä, 13 ýyl içinde iň pes derejesine düşdi.

Jemgyýetçilik pikirlerini öwrenmek merkeziniň 24-nji maýda çap eden maglumaty Putina bolan ynamyň 2006-njy ýyldan bäri iň pes derejesine, 31.7 prosente düşendigini görkezýär.

Şol bir wagtda, ynam derejesinden tapawutlylykda, Putiniň umumy tassyklanyş derejesi şindi hem ýokary bolmagynda, 65.8% bolup galýar.

Putine bolan ynam derejesi onuň 2018-nji ýylda gaýtadan prezident saýlanmagyndan soň, hojalyk başyna düşýän girdejileriň azalmagy, hökümetiň pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmak tagallalary we goşmaça gymmat salgydynyň ýokarlandyrylmagy arasynda dörän jemgyýetçilik nägilelikleri netijesinde peseldi.

Putine bolan ynam 2015-nji ýylyň iýun aýynda, Orsýet bir ýyl öň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edeninden soň iň ýokary derejesine, 71 prosente galdy.

Geçen ýylyň prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda bu görkeziji 55.3% boldy. Şondan soňky üç aý içinde onuň jemgyýetçilik ynamy birden 38.3 prosente düşdi we bu görkeziji 2018-nji ýylyň aýagynda 36.5 % boldy.

XS
SM
MD
LG