Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan innowasion tehnologiýalara bagyşlap, halkara ylmy konferensiýa geçirýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy innowasion tehnologiýalara bagyşlap, halkara ylmy-amaly maslahat geçirýär.

12 – 13-nji iýunda iki günläp dowam etjek maslahat “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk zamanasynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atlandyrylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň resmi websaýtynda çap edilen bildirişde konferensiýanyň Ylymlar gününe bagyşlanjakdygy mälim edilýär.

Türkmenistanda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni bellenip geçilýär.

Geçen ýyl “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi.

Türkmenistanda innowasion tehnologiýalar boýunça konferensiýanyň geçirilmegi ýurduň media we metbugat serişdelerinde “sanly ulgam” aňlatmasynyň yzygiderli gaýtalanýan wagtyna gabat gelýär.

Ýöne beýleki tarapdan, Türkmenistan sanly ugurlara degişli pudaklarda, halkara hasabatlara görä, yzagalaklygy saklaýar.

Internet we mobil torlaryň tizligini anyklaýan “SpeedTest” barlag tilsiminiň maý aýynda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistan “oturymly brodbend” (fixed broadband), ýagny öýe ýa-da edara-kärhanalara gurnalan giň gerimli internet tizliginiň derejesi boýunça geçirilen barlaglarda 179 ýurduň arasynda iň yzdaky orny eýeledi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilýän halkara konferensiýa ýangyç-energetika, oba hojalygy, gurluşyk, binagärçilik, medisina we derman senagaty ýaly ugurlarda innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagyna gönükdirilýär.

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we sosial meseleler baradaky departamentiniň (UN DESA) “Elektron hökümete syn 2018” atly soňky hasabatynda 193 ýurduň arasynda 147-nji orunda ýerleşdirildi. Bu hasabatda BMG-a agza ýurtlarda hökümetleriň elektron mümkinçiliklerden hem-de sanly ulgamlardan peýdalanmagyna baha berilýär.

Türkmenistanda “ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalara” bagyşlanyp geçiriljek halkara konferensiýa prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň dekabr aýynda çykaran karary esasynda geçirilýär. Bu barada degişli bildirişde aýdylýar.

Ylymlar akademiýasy halkara maslahata gatnaşmaga isleg bildirýän daşary ýurtly alymlaryň, ylym adamlarynyň hem-de degişli ugurlarda ylmy barlaglary geçirýän hünärmenleriň demir we howa ýollary arkaly Aşgabada gidiş-geliş biletlerini we ýaşajak ýerlerini üpjün edýär.

Türkmen metbugatynyň habarlaryna görä, ýurtda yzygiderli ýagdaýda dürli halkara ylmy-amaly maslahatlar we beýleki halkara çäreler geçirilip durulýar. Ýöne olarda ara alnyp maslahatlaşylýan ylmy barlaglaryň, ýa-da beýleki meseleleriň ýurduň ilatynyň gündelik ýaşaýyş durmuş şertlerini gowulandyrmakda edýän oňyn täsirleri barada anyk maglumatlar ýok.

Ylymlar akademiýasynyň bildirişinden mälim bolşuna görä, maslahat ykdysadyýet ylmy, tebigaty goramak, ekologiýa, nanotehnologiýa, informasiýa we tele aragatnaşyk tehnologiýalary, hem-de biotehnologiýa ýaly ugurlara-da gönükdirilýär.

Türkmen prezidentiniň geçirýän hökümet maslahatlarynda ýurduň oba hojalygynda we beýleki pudaklarda ylmy esasda önümçiligi ösdürmäge üns berilýändigini aýdylýar, ýöne bu ugurda ädilýän anyk mysallar jemgyýetçilige giňden mälim däl.

Galyberse-de, resmi media prezident Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri geçirýän wideoşekilli iş maslahatlarynyň sanly aragatnaşyk arkaly geçirilýändigini tekrarlaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG