Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) guramasy Gyrgyzystanyň hökümetini aýallaryň we gyzlaryň garşysyna edilýän zorluklary togtatmak üçin has köp tagalla etmäge çagyrýar.
Guramanyň pikiriçe, zorlugyň öňüni almaga we kanuny bozanlary jezalandyrmaga gönükdirilen kanunçylygyň gowşak berjaý edilmegi merkezi aziýa ýurdunyň ilatynyň ýarysyny töwekgellik astynda goýýar.
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän guramanyň 28-nji maýda, uniwersitet studenti Burulai Turdaaly Kyzynyň geçen ýyl bir adam tarapyndan alnyp gaçylyp, pyçaklanyp öldürilen gününden bir ýyl soňra edilýär.
Häkimiýetler ol adamyň student gyzy gelin edinmek üçin ogurlandygyny aýtdylar. Bu waka ýurtda “gyz alyp gaçmak” diýilýäni öň plana çykardy weaýal-gyzlara garşy edilýän zorluklara gahar-gazap bildirilmegine alyp geldi.
“[Turdaaly Kyzynyň] öldürilmeginden bir ýyl soň hem hökümetiň aýal-gyzlaryň janyny halas etjek kanunlaryň ýola goýulmagy üçin mümkin bolan ähli zady etmezligi juda kejikdiriji” diýip, HRW-nyň aýallar hukuklary boýunça barlagçysy Hillary Margolis aýtdy.
“Kanunlary kabul etmek başlangyç ädim üçin gowy, ýöne bu hakyky goraglylygy üpjün etmek üçin ýeterlik bolardan gaty daş” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Gyrgyzystanda aktiwistler aýal-gyzlara garşy zorluklaryň bes edilmegi ugrunda öňräkden bäri tagalla edýärler, emma olaryň bu iş üçin yzarlanýan halatlary hem az bolmaýar. Mysal üçin, 2014-nji ýylyň martynda bir gyrgyz aktiwist öz howpsuzlygyndan alada edýändigini aýdyp, ýurdy terk etdi.
Ilýa Lukaş "Azatlyk" radiosy bilen söhbetdeşlikde Gyrgyzystany terk edendigini, ýöne özüniň gaçybatalga talaby kabul edilýänçä, nirededigi barada maglumat berip bilmejekdigini aýtdy.
Lukaşyň özi Gyrgyzystanyň Jalal-Abad şäherinden bolup, ol adam hukuklaryny gorap çykyş edýän işleri bilen tanalýardy.