Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtyň awtobuslarynda aýallar we erkekler özarasynda dawalaşýar; ilat häkimiýeti aç-açan tankyt edýär


Arhiwden alnan surat

Soňky günlerde, hususan-da günüň birinji ýarymynda Aşgabadyň jemgyýetçilik awtobuslary adamlardan hyryn-dykyn dolýar. Aýallar bilen erkekler ýeriň üstünde dawalaşýar diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri aýdýar. Bu waka Aşgabatda hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjilere garşy gözegçiligiň güýçlendirilen mahalyna gabat geldi.

“Awtobuslar ýolagçylardan aşa doly. Şeýle-de, awtobuslar wagtly-wagtynda gatnamaýarlar. Mundan iki gün ozal men 60-njy belgili awtobusa azyndan 40 minut garaşdym. Ýöne ol her 10-15 minut aralygynda gelmelidi. Awtobuslaryň wagtynda gelmezligine ýa-da olaryň adamdan hyryn-dykyn dolmagyna hiç kim gözegçilik etmeýär. Adamlaryň ählisi awtobusa münüp bilmeýär. Ilat işine we okuwyna gijä galýar” diýip, Azatlygyň anonim şertde maglumat beren habarçysy 11-nji aprelde gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol jemgyýetçilik awtobuslardan peýdalanýan ilatyň köpelmegi bilen, aýal-gyzlar bilen erkekleriň arasynda dawa-jenjeliň hem döräp başlandygyny hem aýdýar.

“Paýtagtyň awtobuslarynda dilden aýdylmaýan düzgün bar. Adatça awtobusyň öň tarapyna zenanlar, yzky tarapa erkekler münýär. Aýallar erkekler bilen dawalaşýarlar. Olaryň öz bölegine münmändiklerini aýdýarlar. Käte olaryň arasynda uly dawa-jenjel döreýär. Bular ýaly zatlar öň bolanokdy” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, paýtagtlylaryň transport üçin jemgyýetçilik awtobuslaryna has köp ýykgyn etmekleriniň birnäçe sebäbi bar. Olaryň ilkinjisi we iň esasysy, türkmen häkimiýetleriniň hususy taksilere gözegçiligi güýçlendirmegi bilen baglanyşykly.

“Öňküsi ýaly hususy taksileri saklap bolanok. Şonuň üçin adamlar jemgyýetçilik transportlaryndan peýdalanmaga mejbur bolýarlar. Hususy taksileriň arasynda töwekgelçilik edip, öz ulagyna müşderini alýan sürüjiler-de ýek-tük bar. Ýöne olaryň sany örän çäkli. Adamlar gaharlanýarlar we häkimiýetleri aç-açan tankyt edýärler. Ilaty transport bilen üpjün edip bilmejek bolsa, näme üçin hususy taksileriň işini bökdeýärler diýýärler” diýip, habarçy belledi.

Galyberse-de, ol soňky aýlarda döwlete degişli awtobuslaryň we taksileriň ençeme sürüjisiniň işden çykarylandygyny ýa-da özleriniň işden çekilendigini, şeýle-de duralgalarda hatardan çykan, bejerilmeýän awtobuslaryň ençemesiniň tozan basyp durandygyna ünsi çekýär.

“Awtobuslaryň we sürüjileriň azlygy jemgyýetçilik transportlarynda hyryn-dykynlyga sebäp bolýan beýleki faktorlardyr. Hatardan çykan awtobuslary bejermek üçin awtoşaýlar satyn alynmaýar. Galyberse-de, döwletiň jemgyýetçilik transport kärhanalarynyň mehanikleriniň aglabasy materiallaryň ýa-da hünär başarnyklarynyň ýetmeýändigi sebäpli awtobuslary bejerip bilmeýärler. Şeýle-de, sürüjiler hatardan çykan ulaglary öz hasabyna bejertmeli bolýarlar, şol sanda döw(ü)len aýnalary, tigirleri satyn almaly bolýarlar” diýip, habarçy sürüjileriň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Paýtagtyň awtobuslarynyň ýolagçylardan hyryn-dykyn dolýandygy baradaky habarlar, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň içeri işler ministri Isgender Mulikowa “berk käýinç” yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

4-nji aprelde prezident “ýolagçy gatnatmak boýunça ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ygtyýary bolmadyk käbir sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünini gödek bozup, ulag hadysalarynyň, heläkçilikli ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolýanlarynyň bardygyny belledi” diýip, döwlet mediasy habar berdi.

Prezidentiň bu käýinjinden soň, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri hususy kireý bilen meşgullanýanlary aç-açan diýen ýaly “awlamaga” we olara 100 manat möçberinde pul jerimesini töletmäge başladylar.

Bu aralykda, 11-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň habarçysy Daşoguz welaýatynda polisiýa işgärleriniň hususy ulagynda etraplaryň arasynda kireý edýän sürüjileri hem “awlap” başlandygyny habar berdi. “Etraplaryň arasynda transportyň başga hiç hili görnüşi ýok” diýip, habarçy belledi.

8-nji ýanwarda bolsa, Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki taksi sürüjileriniň gündelik dolmaly plan borçnamasy 164 manatdan 204 manada artdyryldy. Şol bir wagtda-da, olara döwlet tarapyndan mugt berilýän gündelik benziniň möçberi 30 litrden 20 litre azaldyldy.

Şonda Azatlygyň habarçysy taksi sürüjileriniň olaryň aljyraňňy ýagdaýdadygyny we hatda käbir sürüjileriň öz işini taşlap başlandygyny belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG