Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ýene doly gatyşykly güýçli ýagyş ýagyp, şäheriň köçelerini suw basdy


Aşgabatda ýene doly gatyşykly güýçli ýagyş ýagdy. 29-njy maý, 2019 ý.
Aşgabatda ýene doly gatyşykly güýçli ýagyş ýagdy. 29-njy maý, 2019 ý.

Şu gün, 29-njy maýda günortan wagty Aşgabatda ýene doly gatyşykly güýçli ýagyş ýagyp, şäheriň köçelerini suw basdy.

"Köçeleri ýene suw basdy. Aprel aýyndaky ýaly bolmasa-da, köçeler suwdan doldy. Şäheriň merkezi etrapçalarynda ýagdaý birneme ganymat. Köçeleri suw basan bolsa-da, ondan ýöräp bolýar. Ýöne Parahat 7 etrapçasynda ýagdaý has-da ýaramaz. Bu etrapçadaky köçelerde ýöräp bolmaýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri 29-njy maýda giçlik habar berdi.

Aşgabatda ýene doly gatyşykly güçli ýagyş ýagdy. 29-njy maý, 2019 ý.
Aşgabatda ýene doly gatyşykly güçli ýagyş ýagdy. 29-njy maý, 2019 ý.

Türkmenistanda indi mart aýynyň ortalaryndan bäri Balkan, Mary we Ahal welaýatlarynda, şeýle-de Aşgabat şäherinde çabgaly ýagyşlar we güýçli tupan wagtal-wagtal dowam edýär.

Munuň netijesinde agzalýan welaýatlaryň ençeme obadyr etrabyna we Aşgabat şäherine sil suwlary gelip, köçelere, ýaşaýyş jaýlaryna we ýerzeminlere zyýan ýetirdi.

21-nji maýda irden, gün doganda Ahal welaýatynda güýçli ýagyş ýagyp başlady. Munuň netijesinde welaýatyň ençeme etrabyna sil suwlary gelip, ekin meýdanlaryna zyýan ýetirdi. Köpetdagyň dag gerişlerinden Arçmana tarap, şol sanda Bäherden etrabynyň Garawul obasyna çabgaly sil suwlary geldi. Ýollaryň käbir böleklerini sil suwlary ýumurdy.

22-nji maýda Aşgabat şäherinde güýçli ýagyş ýagyp, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edara-kärhanalaryň işgärleriniň käbiri sübseli, käbiri plastikadan ýasalan sübseler bilen köçeleri ýagyş suwlaryndan arassalady.

Aşgabatda ýene doly gatyşykly güçli ýagyş ýagdy. 29-njy maý, 2019 ý.
Aşgabatda ýene doly gatyşykly güçli ýagyş ýagdy. 29-njy maý, 2019 ý.

15-nji maýda Aşgabatda güýçli ýel turup, soňra ýagyş ýagdy. Munuň netijesinde paýtagtyň köçelerindäki wagtlaýyn gurnalan käbir söwda nokatlary we seýilgählerdäki agaçlar ýumruldy.

Aşgabatda 19-njy aprelde ýagan güýçli ýagşyň netijesinde şäheriň merkezi köçelerinde jaýryklar we oýuklar emele gelipdi. Mundan bir hepde çemesi öň hem türkmen paýtagtyna güýçli sil gelipdi.

Martyň aýagynda Mary welaýatynyň Tagtabazar şäherine gelen silde ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetipdi.

Ondan ozal, martyň ikinji ongünlüginde Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar şäherlerine gelen sil regionda ençeme obalara zyýan ýetirdi.

Resmi metbugat siliň gelmegi, çabgaly ýagyşlar we onuň netijeleri barada hiç hili maglumat bermän gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG