8-nji Halkara mekdep olimpiadasyna dünýäniň on ýurdundan ýokary klaslaryň 220 okuwçysy gatnaşdy diýip, CentralAsia.news habar gullugy habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, ýaş türkmen bilermenleri matematika, fizika, himiýa we biologiýa boýunça 8-nji Halkara mekdep olimpiadasynda dürli ougurdan 35 medal gazandy.
Bilimdäki bäsleşik 19-njy maýdan 26-njy maýa çenli aralykda Hindistanyňö Deli şäherinde geçirildi. Bu habary CentralAsia.news agentliginiň Türkmenistandaky habarçysy berdi.
Bäsleşige Türkmenistandan, Owganystandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Indoneziýadan, Türkiýeden, Bangladeşden, Şri-Lankadan, Orsýetden we Hindisatandan 220 sany ýokary klas okuwçysy gatnaşdy.
Bu rekord derejeli ýeňişleri ýaş bilermenleriň diňe19 sanysy gazandy, olaryň köpüsi şol bir wagtyň özünde iki ýa-da üç sylaga eýe boldy, sebäbi olar birnäçe teoretiki we praktiki bäsleşige gatnaşdy.
- Olimpida taýýarlyk birnäçe tapgyrda geçirildi. Ozal başda biziň ýurdumyzyň regionlaryndaky mekdep okuwçylarynyň arasynda seçgi geçirildi. Soňra olar bilen uzak aralykdan ýörite synaglar geçirildi we şol synaglar netijesinde Hindistandan geçjek halkara intelletual forumynda biziň ýurdumyza wekilçilik etmeli toparyň agzalary saýlandy – diýip, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 86-njy mekdebiniň biologiýa mugallymy Atajan Rahmanow gürrüň beripdir.
Olimpida tamamlanandan soň oňa gatnaşanlar üçin gyzykly ekskursiýa programmasy taýýarlandy we ýaş bilermenler Agra şäherinde ýerleşýän Täçmahal mawzoleýine, Hindistanyň paýtagtyndaky taryhy ýerlere baryp gördüler diýip, habarda aýdylýar.
Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda birnäçe mekdep reformasy geçirildi we 2007-nji ýylda häkimiýet çalşandan soň, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe gysgaldylan okuw möhletleri uzaldyldy.
Şol bir wagtda, daşary ýurtlara okamaga gidýän türkmen studentleri köpelende, ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, türkmen mekdeplerinde berilýän bilim derejesiniň umuman pesdigi has giňden mälim boldy.