Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýadyň mekdeplerinde dürli çäreler üçin okuwçylardan ‘yzygiderli pul ýygnalýar’


Mekdep okuwçylary we ene-atalar. Arhiwden alnan surat

Lebabyň Saýat etrabyndaky orta mekdepleriň ýolbaşçylary dürli çäreler üçin okuwçylardan yzygiderli pul ýygnaýar diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmeleriniň biri habar berýär.

“Mekdebiň partasy pully, aýnasy pully – hemme zady pully. Okuwçylardan hepdede bir gezek diýen ýaly pul ýygnaýarlar. Her gezeginde-de azyndan 5-10 manat soraýarlar. Edil häzirki wagt ekzamene taýýarlyk, mekdebe gül aljak diýip her okuwçydan 5 manat toplaýarlar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde habarlaşan çeşme aýtdy.

Üç çaganyň enesi saýatly çeşme häzirki wagt özüniň 15 manat tabşyrandygyny aýdyp, mekdep ýolbaşçylarynyň maşgalalaryň maddy mümkinçiliginiň bardygy ýa-da ýokdugy bilen gyzyklanmaýandygyny hem belledi.

“Pul bermeseň, çagalary okuwçy klasdaşlarynyň içinde masgara edýärler. Üstüne gygyrýarlar ýa-da başga kemsidiji sözleri aýdýarlar. Çagalar öýe aglap gelýär” diýip, çeşme bu ýagdaýyň etrabyň ähli mekdeplerinde diýen ýaly, şol sanda 10-njy we 23-nji mekdeplerinde gaýtalanýandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagt çagaly ene-atalaryň aglabasy ykdysady kynçylyklar, işsizlik hem-de azyk harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagy sebäpli güzeran aýlamagyň onsuz hem kyndygyny aýdyp, okuwçylardan yzygiderli ýygnalýan pul serişdesi sebäpli özleriniň has-da darygýandygyny belleýärler.

“Okuwçylaryň eşigi, ruçkasy, depderi, galamy hemme zady gymmat. Başga işe geçeýin diýseň, hemme ýerde para, korrupsiýa. Pul, para bermeseň, ýüzüňe garaýan ýok. Malyňy satyp, para berip başga işe geçeýin diýseň, täze giren işiňde-de 2 aýdan ‘sokraşeniýa’, iş orunlarynyň kemeldilmegi diýip, köplenç işden çykarýarlar, ýeriňe başgasyny alýarlar. Umuman, gün görmek kyn. Arkadagymyz bolsa, bir gün at münüp, bir gün welosiped münüp, halk bilen işi ýok” diýip, saýatly çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Saýat etrap häkimliginiň Bilim bölümi we etrabyň 10-njy, 23-nji mekdepleri bilen habarlaşmak synanyşyklary netije bermedi.

Ýöne belläp geçsek, bu Türkmenistanda çagalardan pul ýygnalmagy barada soňky bir hepdäniň dowamynda peýda bolan ikinji habardyr.

13-nji maýda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri paýtagtyň orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň ýolbaşçylarynyň bilim we terbiýeçilik jaýlaryny abatlamak işleri üçin ene-atalardan pul ýygnaýandygyny habar berdi.

“Maý aýynyň başyndan bäri her çagadan 200 manat möçberinde pul ýygnaýarlar. Bu pul serişdesi mekdeplerde we çagalar baglarynda, şol sanda synp otaglarynda, koridorlarda we jaýlaryň öň tarapynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ýygnalýar” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy gürrüň beripdi.

Türkmenistanda mekdep okuwçylaryndan we çagalar baglaryna gatnaýan çagalardan baýramçylyk lybaslaryny satyn almak, mekdebi bezemek, köýen lampalary çalyşmak we dabara-şowhun çäreleri üçin hem wagtal-wagtal pul ýygnalýar.

Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebaba sapar etmegine garaşylan döwründe, ony garşy almaga gatnaşjak mekdep okuwçylaryndan täze egin-eşikleri satyn almak üçin 160 manada çenli pul ýygnalandygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtdaky çagalaryň “bagtyýarlyk döwrüniň bagtly we şadyýan körpeleridigini” ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar. Emma olardan dürli çäreler üçin ýygnalýan pul serişdesi barada kelam agyz söz aýtman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG