Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon resmisi: Rus raketa ulgamyny satyn almak Türkiýe üçin ‘weýrançylyk’


Goranmak sekretarynyň halkara howpsuzlyk meseleleri boýunça iş başyndaky kömekçisi Kathryn Wheelbarger

Ankaranyň bu ylalaşygyndan çekilmejekdigini gaýta-gaýta aýdandygyna garamazdan, basyşy güýçlendirip, Pentagonyň ýokary derejeli resmisi Türkiýä Orsýetden raketa-gorag ulgamyny satyn almagyň netijeleri hakynda ýene-de duýduryş etdi.

Goranmak sekretarynyň halkara howpsuzlyk meseleleri boýunça iş başyndaky kömekçisi Kathryn Wheelbarger 30-njy maýda S-400 raketa-gorag ulgamyny satyn almagyň Türkiýäniň F-35 söweş uçarlary programmasyna gatnaşmagyna hem-de ýurduň öz NATO ýaranlary bilen gatnaşyklaryna “weýrançylykly” täsiriniň boljakdygyny aýtdy.

“Bu transaksiýanyň tamamlanmagy diňe Günbataryň öz integrirlenen howa kuwwatyny döwrebaplaşdyrmak tagallalarynyň çäginde ýerleşdiren F-35 programmasy üçin weýrançylykly bolmaz, eýsem Türkiýäniň NATO bilen bilelikde hereket etmek başarnygyny, ýaranlygyň goranyşynyň esasy aspeketini bozup biler” diýip, Wheelbarger Waşingtondaky Atlantik geňeşine ýüzlenmesinde aýtdy.

"Geliň açyk bolalyň. S-400 rus sistemasy we F-35 ýaly howa gämilerini urup ýykmak üçin ýasalan, onsoň Orsýetiň bu mümkinçilikden peýdalanmajagyny göz öňüne getirmezlik mümkin däl” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Eger-de siz rus sistemalaryny girizseňiz, bu biziň size özüňizi goramakda kömek etmek başarnygymyzy hakykatdan hem gowşadýar” diýip, ol nygtady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG