Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň “täzeden terbiýeleýiş lagerleri” barada maglumatlary beren Gazagystany terk etdi


Saýragül Sauýtbaý
Saýragül Sauýtbaý

Hytaýyň demirgazyk-günbatar sebitindäki “täzeden terbiýeleýiş lagerleri” barada maglumatlary beren, asly hytaýly etniki gazak Saýragül Sauýtbaý, gazak resmileriniň oňa gaçybatalga bermekden ýüz öwürmeginden soň, Gazagystany terk etdi.

Saýragül Sauýtbaýyň aklawçysynyň Facebook hasabynda galdyran ýazgysyna görä, onuň müşderisi 3-nji iýunda aýdyňlaşdyrylmadyk başga bir ýurda gidipdir. Aklawçy munuň “dünýäniň iň ösen döwletleriniň biridigini” aýdýar.

Sauýtbaý Gazagystandan syýasy gaçybatalga almak ugrunda tagalla edipdi. Geçen awgustda Almatynyň sudy ony serhedi bikanun geçmekde günäli tapdy; emma, onuň yzyna – Hytaýa ekstradisiýa edilmegi däldigi boýunça hem höküm çykardy.

Sauýtbaý geçen ýylyň aprelinde Hytaýdan çykyp, Şinjiang sebitinde ýaşaýan etniki gazaklaryň, uýgurlaryň we beýleki musulmanlaryň müňlerçesiniň “täzeden terbiýeleýiş” diýilýän lagerlerine mejbur edilýändigi barada maglumatlary beripdi.

BMG-niň derňewçileriniň awgust aýynda beren maglumatyna görä, şinjiangly musulmanlaryň 1 milliona golaýy, esasan hem etniki uýgurlar, ýurduň “terrorçylyga garşy merkezlerinde” saklanýarlar. Mundanam başga, millionlarça adam “täzeden terbiýeleýiş lagerlerine” mejbur edilýär.

XS
SM
MD
LG