Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşogzuň resmileri rugsat berlen daşary ýurt diplomlarynyň sanawy boýunça maslahat geçirdiler


Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Türkmenistanda ykrar edilen daşary ýurtly ýokary okuw jaýlarynyň sanawy barada käbir düşündiriş çäreleri geçirilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, 1-nji iýunda Daşogzuň welaýat bilim müdirliginde sanawlar we daşary ýurtlarda okaýan studentlere pul geçirmek temasyndan maslahat geçirilipdir. Bu ýygnaga käbir ýerli mugallymlar çagyrylypdyr.

"Daşoguz welaýatynyň bilim müdirliginiň konferensiýa zalynda 1-nji iýunda mugallymlar bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada resmi bildiriş bolmady, duşuşygyň gatnaşyjylaryny saýlap telefon arkaly çagyrdylar. Duşuşygyň temasy ykrar edilen we türkmenistanlylaryň okamagyna rugsat berlen ýokary okuw jaýlaryna we studentleriň okamagy hem ýaşamagy üçin pul ugradylmagyna bagyşlandy" diýip, habarçymyz mälim etdi.

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň ýurtda mundan beýläk ykrar ediljek daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny düzendigi aprel aýynyň ortalarynda mälim bolupdy. Şol sanawa türkmenistanlylaryň arasynda meşhur bolan daşary ýurtly ýokary okuw jaýlarynyň ençemesi girmedi we bilim alýan ýaşlaryň ençemesiniň ykbalyny sorag astyna goýdy.

"Okuwa girmäge rugsat berlen ÝOJ-laryň sanawy yglan edileli bäri, ene-atalar welaýat bilim müdirliginiň daşyna geçip, ýagdaýy anyklaşdyrmaga synanyşdylar, emma belli jogap alyp bilmediler" diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy aýdýar. Onuň sözlerine görä, 1-nji iýunda geçirilen ýygnakda köpçüligi gyzyklandyrýan soraglaryň diňe käbirine degişli maglumat berildi.

"Sanawa girmedik medisina we tehniki ÝOJ-laryň kanunlaşdyryljakdygy, emma olarda okamak we ýaşamak üçin puluň çalyşmagyna rugsat berilmejegi barada maglumat berildi. Sanawa girmedik ÝOJ-larda okamak üçin konwertasiýanyň edilmejegi barada kynlyk bilen bolsa-da, aýdyldy" diýip, habarçymyz 1-nji iýunda Daşogzuň bilim müdirliginde geçirilen maslahat barada beren habarynda aýtdy.

Türkmenistanyň daşynda bilim alýanlar üçin resmi taýdan göz öňünde tutulan walýuta konwertasiýasynyň elýeterliligi şu günler köpçüligi gyzyklandyrýan meseleleriň biri bolup durýar, sebäbi daşary ýurt pullarynyň gara bazardaky nyrhy resmi kursdan çak bilen bäş esse ýokary bolup, gitdigiçe artýar.

Üstesine, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň raýatlaryň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryndaky okuwyny ykrar etmegi ýaşlaryň ýurduň daşyna çykmak mümkinçiligine hem täsir ýetirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, bu mesele bilen baglylykda Daşogzuň migrasiýa resmileri student gyzlaryň ýurduň daşyna çykmagyna päsgelçiligiň bolmajagyny, emma ýigitleriň "dokumentleriniň kadaly bolan ýagdaýynda ýurtdan çykmaga rugsat beriljegini" aýdypdyrlar.

"Bu bolsa migrasiýa gullugynyň wekiliniň ýagdaýy açyk-aýdyň edip bilmändigini görkezýär" diýip, habarçymyz belledi. Onuň sözlerine görä, şu günler okuwa gitjekleriň ençemesine Belarusyň we Orsýetiň dürli ýokary okuw jaýlaryndan çakylyk gelipdir, emma ýaşlaryň ene-atalary näme etjeklerini bilmän kesgitsiz bir ýagdaýda galýarlar.

Azatlyk Radiosy Daşoguzda geçirilen ýygnak we daşary ýurtly ÝOJ-laryň ykrar edilmegine degişli täze düzgünler barada berlen soňky maglumatlar hakda ýerli bilim we migrasiýa resmilerinden resmi maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanly ýaşlaryň onlarça müňi ýurduň daşynda ýokary bilim alýar. Olaryň köpçülik bolup, barýan esasy ýurtlarynyň arasynda Türkiýäni, Orsýeti, Belarusy, Ukrainany, Täjigistany we Gazagystany agzamak mümkin.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG