Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ösüş sanlaryny diňläp, sebäbini anyklaşdyrmazdan, resmilere käýinç paýlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň bäş aýynyň netijelerine bagyşlanan hökümet mejlisinde kanagatlanarly ösüş sanlaryndan doly hasabatlary diňläp, sebäibini anyklaşdyrmazdan, birnäçe resmä käýinç yglan etdi.

Bu käýinçler eklenç aladalary sebäpli ýurtdan gidýän adamlaryň sanynyň barha köpelýändigi hakyndaky howsalaly maglumatlaryň syzyp çykan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

TDH-nyň maglumatyna görä, bu gezek “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” diýlip käýinç berlenleriň arasynda Türkmenistanyň prezidentiniň diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň iş dolandyryjysy Hajymyrat Hajymyradow hem bar.

Şeýle-de döwlet baştutany, “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” diýip,söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanowa berk käýinç yglan etdi.

Mundan başga,“wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrligiň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin”, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Çary Gylyjowa käýinç yglan edildi.

Adatça bolşy ýaly, käýinçleriň anyk sebäbi görkezilmeýär. Şol bir wagtda, hökümet mejlisinde berlen hasabatlarda ähli ugur boýunça ösüş gazanylýandygy,hususan-da daşary ýurtlara eksport edilen azyk harytlarynyň möçberiniň 26,2 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň möçberiniň 3,3 göterim ýokarlandygy habar berilýär.

Türkmenistan, ekspertleriň çykarýan netijelerine görä, nebit bahalarynyň global arzanlamasyndan soň, iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýär.

Türkmen hökümeti bu krizisi boýun alman, daşardan getirilýän önümleri azaltmak, eksportyň ornuny tutýan we eksport edip boljak önümleri köpeltmek syýasatyny öňe sürdi.

Emma ýerli synçylar soňky otuz ýylda bilimli, hünärli adamlaryň ýyl-ýyldan azalmagy, býrokratiki päsgelçilkleriň we korrupsiýanyň artmagynetijesinde önümçilik mümkinçilikleriniň görnetin peselendigini, ýurt içindäki bazarlaryň iň esasy azyk harytlary bilen hem üpjün edilip bilinmeýändigini habar berýärler.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde pikirini aýdýan ýerli synçylardan tapawutlylykda, türkmen döwlet mediasy ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigini habar berýär, prezident Berdimuhamedow bolsa golaýda, sözüni delillendirmezden, Türkmenistanyň bugdaý eksport edýän ýurda öwrülendigini aýtdy.

Geçen ýyl gurak gelensoň, Türkmenistan 2018-nji ýylda ýygnamagy planlaşdyran gallasyny alyp bilmedi we bu ýagdaý ýurtda un, çörek, kepek ýaly gündelik zerur önümleriň gytçylygyna, dükanlaryň öňünde uly nobatlaryň döremegine, käbir etraplarda döwlet bahasyndan berilýän ýerli unuň normasynyň azaldylmagyna alyp geldi.

Şu aralykda, aprel, mart aýlarynda ýagan dowamly ýagyşlaryň boý alyp gelýän bugdaý, arpa ekinlerine uly zyýan ýetirendigi habar berilýär.

Bu ýagdaýlar, hususan-da un, çörek ýetmezçiligi, durmuşyň barha gymmatlamagy, işsizligiň ýokarlanmagy, maliýe kynçylyklarynyň köpelmegi bilen, ýurtdan çykýan we başga ýerlerden gazanç gözleýän türkmen raýatlarynyň yzygiderli artmagyna getirýär diýip, Azatlygyň habarçylary, daşary ýurtlara çykan raýatlar habar berýärler.

Türkmenistanda resmilere käýinç, berk käýinç, soňky duýduryş bermek, olary ýygy-ýygydan täzelemek esasynda dörän kadr geldi-geçerligi garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri kada öwrüldi we synçylar bu çäräniň hiç bir mesele çözmeýändigini, tersine, problemalary çuňlaşdyrýandygyny aýdýarlar..

Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe resmileri üç aýlyk aýlykdan kesmek, hökümet mejlisinde paş edip, soňra jogapkärçilige çekmek düzgüni hem bardy.

Şol wagtky baş prokuror Gurbanbibi Atajanowa olaryň bikanun edinen emläkleri, şol sanda kanuny we kanuny däl aýallarynyň sany barada hem maglumat bererdi.

G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň, käýinç berilýän we ahyrynda hökmany suratda diýen ýaly işden boşadylýan resmileriň soňky ykballary nämälim bolup galýar.

"Turkmen.news" neşiriniň maglumatyna görä, türmä basylan ozalky resmiler türme ýolbaşçylaryna para berip, aýratyn gowulaşdyrylan şertlerde "jeza çekýärler".

XS
SM
MD
LG