Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow un, çörek gytçylygynyň fonunda Türkmenistanyň bugdaý eksport edýän ýurda öwrülendigini aýdýar


Aşgabat. Köçedäki çörek söwdasy.
Aşgabat. Köçedäki çörek söwdasy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji maýda nobatdaky iş maslahatyny geçirip, “Türkmenistanyň bugdaýy daşary ýurtlara eksport edýän ýurda öwrülendigini” aýtdy.

Bu beýanat Türkmenistanyň Orsýetden 10 müň tonna tohumlyk bugdaýy satyn aljagy, ýurtda un, kepek nobatlarynyň ulalmasa, kiçelmeýändigi barada çykan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Marynyň un nobatlary
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:32 0:00

Mundan başga, Berdimuhamedow 16-njy maýda “Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýeten sepgitlerine” bagyşlanan halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlap, “ýurduň oba hojalygyny iň girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigini” nygtady, emma daýhanlaryň gazançlarynyň ösüşi boýunça hiç bir san getirmedi.

Bu sözler Merkezi Aziýada iň az ilatly ýurt hasaplanylýan Türkmenistandan Türkiýä iş gözläp gidýän adamlaryň sanynyň sebitiň iň köp ilatly ýurdy Özbegistandan zähmet migrasiýasyna gidýänlerden hem kändigi barada çykan maglumatyň fonunda aýdylýar.

Ýerli synçylaryň tassyklamalaryna görä, ýurduň oba hojalygynda Saparmyrat Nyýzowyň prezident bolan döwründen bäri saklanyp gelýän “agyr problemalar” barha köp adamyň oba hojalyk işlerinden çekilmegine we başga gazanç çeşmesini gözlemegine sebäp bolýar.

Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende bu problemany bölekleýin tassyklap, oba hojalygyndaky meseleleri gutarnykly çözmek, oba adamlary üçin zerur ähli işi etmek wadasyny berdi.

Emma ol geçen ýyl bu wadasyny ýerine ýetirmändigini gytaklaýyn boýun alyp, 10-12 ýyl içinde özüniň ikinji oba hojalyk programmasyny teklip etdi. Täze teklibiň esasyny hususy telekeçilere, has anygy hökümet tarapyndan goldanylýan Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalaryna uzak möhletli ýer, tehnika almak üçin bank karzlaryny bermek düzýär.

Mundan öň prezident ençeme ýyllap daşary ýurtlardan gök önümleriň import edilmegine, hasyllylygyň pesligine, ýerleriň şorladylmagyna, suwuň bisarpa unalylmagyna “garşy çykyp”, häkimlere käýinç paýlamak, plan dolmadyk ýolbaşçylary täzelemek bilen meşgullandy.

Şol bir wagtda, ýerli synçylar we “Azatlyk” radiosynyň çeşmeleri daýhanalaryň erksizlikden we "kada öwrülen korrupsiýadan" uly zyýan çekýändiklerini, iş ýüzünde olaryň hiç bir kanuny goragynyň galmandygyny aýdýarlar.

Resmi habarlardan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ekilmeli ekin, onuň ekilýän we hasylyň ýygnalýan wagty, satyn alyş bahasy prezident derejesinde kesgitlenýär.

Berdimuhamedowyň geçen ýyl pagta, galla we pile önümleriniň döwlet satyn alyş nyrhlaryny biraz ýokarlandyrandygyna garamazda, ýurtda daýhançylykdan maşgala ekläp boljagyna ynanýan ýönekeý daýhan az diýip, "Azatlyk" bilen gürleşen tejenli daýhan aýtdy.

Häkimiýetleriň oba hojalygyndaky problemalary doly boýun almazlygy, 2017-nji ýylda “Azatlygyň” habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýaşulynyň pikiriçe, daşary ýurda iş gözläp gidýän oba adamlarynyň köpelmeginden başga, hiç ýere gitmäge mümkinçiligi bolmadyk adamlaryň barha kän wezipeli ýa gurply raýatlaryň “erksiz batraklaryna öwrülmegine" hem sebäp bolýar.

Işlejege ýer berlenok, işlemejege berilýär. Ol ýer alanyň özi işlänok bu wagt. Puluna tutup, gullary işledýär. Ine meni gynandyrýan zat. Biziň hemmämiz türkmen dogan-a biz” diýip, “Azatlyk” bilen söhbetdeş bolan ýaşuly raýat aýtdy.

Halkara guramalary, hususan-da pagta ýygymynda çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy kampaniýa alyp barýan hukuk goraýjylar resmi Aşgabadyň oba hojalygynda dowam edýän köne praktikany bes etmegine yzygiderli çagyryş edýärler.

XS
SM
MD
LG