Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylara tatuirowkanyň ölüm howpy duýduryldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda tatu çekýän ussalaryň yzarlanýandygy barada habar bereninden bir hepde soň, hökümetçi “ArzuwNews” neşiri tatuirowkanyň zyýanlary barada makala çap etdi. Bu makala 7-nji iýunda neşiriň websaýtynda ýerleşdirildi.

“Ähli ýurtlaryň lukmanlary tatuirowkanyň biziň saglygymyza düzedip bolmajak zyýan ýetirip biljekdigini we hatda ölüme sebäp bolup biljekdigini yzygiderli aýdýarlar” diýip, neşir ýazýar.

Makalanyň awtory adamlar bedenine tatuirowka çekdirende, organizme gepatit С infeksiýasynyň ýokuşyp biljekdigini öňe sürýär (Makalada WIÇ infeksiýasy agzalmandyr – Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda bu infeksiýanyň ýurtda adatça ýokdugy aýdylýar). Tatu çekmek üçin ulanylýan syýada zyýanly maddalaryň bardygy aýdylyp, olaryň allergiýa, deride rak keseline we içerki organlaryň zaýalanmagyna sebäp bolup biljekdigi öňe sürülýär.

Şeýle-de, maglumatda tatuirowka garşy çykýanlar tarapyndan iň giň ýaýran argument getirilýär: “Siz özüňizi garran wagtyňyzda tatuirowkaly göz öňüne getirip bilýäňizmi? Ol hemişelik çekilýär ahyryn”.

Awtor bu proseduranyň agyrylydygyny we tebigy detallaryny öňe sürüp, okyjylary gorkuzmaga synanyşypdyr (“Çekilen surat tutuşlygyna açyk ýara bolýar we ol iki hepdeden birnäçe aýa çenli aralykda bitýär”). Şeýle-de, žurnalist iş berijileriň aglabasynyň tatuirowkaly işgärleri işe almaýandygyny hem duýdurýar.

Galyberse-de, makalada tatuirowka çekmegiň şerigatyň kada-kanunlaryna gabat gelmeýändigi hem bellenilýär. “Ruhunyň mukaddes ýerini suratlar bilen bezeýän adam näletlener. Şeýle iş üçin pul almaga het eden adam ogry hasaplanýar” diýip, awtor ýazýar.

Geçen hepde Azatlyk Radiosy Aşgabatda sertaraşlaryň, dyrnak bejermek we tatu çekmek ýaly gözellik hyzmatlaryny teklip edýänleriň yzarlanyp başlanandygy sebäpli olaryň köpçülikleýin ýarym gizlin, öýlerde işläp başlandygyny habar berdi.

Munuň bilen bir wagtda-da, şäherde şeýle hyzmatlary teklip edýän bildirişler has köp göze ilýär diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri habar berdi.

Soňky bir aýyň dowamynda türkmen häkimiýetleri Aşgabadyň merkezindäki işewürleri paýtagtyň çetindäki “Bedew” etrapçasynda gurlan “ofis şäherçesine” göçürmäge synanyşýarlar.

Işewürler müşderileri ýitirmek töwekgelçiliginden we kärende çykdajylarynyň artmak ähtimallygyndan alada edip, şäher merkezindäki iş ýerlerinden “Bedewe” göçmejek bolup dyrjaşýarlar.

Häkimiýetleriň tatu ussalaryny gözläp tapmak boýunça soňky hereketleri Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň daşky görnüşine amala aşyrýan gözegçiliginiň soňky netijeleriniň biridir.

“Bu göreş döwrebap saç bejertmek, sakgal goýbermek we sakgalyňy gelşikli edip bejermek, saçyňy boýamak bilen bir hatarda durýar we adamyň sypatyny kesgitlemekden, erk-islegine zorluk görkezmekden başga zat däl” diýip, Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy öz pikirini paýlaşdy.

Şol bir wagtyň özünde-de, käbir döwlet edaralarynda işgärlere gara äýnek dakynmagy gadagan edýärler we olardan bu barada dilhaty talap edýärler diýip, habarçylarymyzyň ýene biri aýtdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri soňky ýyllarda ilatyň daş keşbine degişli dürli çäklendirmeleriň ençemesini girizipdi, emma olaryň sebäplerini resmi taýdan düşündirmedi. Azatlygyň türkmen resmilerinden bu barada kommentariý almak boýunça eden köp sanly synanyşyklary hem netije bermedi.

2018-nji ýylyň tomsunda Aşgabadyň aýal-gyzlary, şol sanda türkmen bolmadyk zenanlar şäher häkimiýetleriniň uzyn, teniňe ýapyşyp durmaýan, milli köýnek geýmek talaby bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Soňky aýlarda türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň daş-keşbine degişli talaplary ýurduň serhetleriniň daşyna çykdy. Hususan-da, mart aýynda Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi şol ýurtda okaýan türkmenistanly ýaşlardan gyzlaryň jinsi balaklary geýmekden, oglanlaryň sakgal goýbermekden saklanmagyny talap etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG