Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda tatu edýän ussalar gözlenýär


Tatu (illýustrasiýa suraty)
Tatu (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynda tatuirowka, ýagny bedene hemişelik surat çekmek bilen meşgullanýan ussalar häkimiýetleriň üns merkezine düşdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, polisiýa tatuirowkasy bolan adamlary saklap, surat çeken ussalary anyklamak üçin soraga çekýär.

- Häzir köçelerde we sport merkezlerinde tatuirowkasy bolanlary saklaýarlar we polisiýa äkidip, gözenegiň aňrysynda soraga çekýärler, kimiň tatuirowka edýändigini soraýarlar. Birini üç gije-gündizläp sakladylar - diýip, habarçymyz 30 maýda habar berdi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, tutu ussalarynyň gözlegine düşülenine 10 güne golaý wagt boldy.

- Umuman häzir ussalary anyklaýarlar we yzarlaýarlar, şol sanda "elitniý" diýilýän gözellik salonlarda işleýänleri, bular ýalylaryň diňe birnäçesi bar we olara ýokardan hemaýat berilýärdi ýa-da olar ýokary wezipelilere, olaryň aýallaryna, ýakynlaryna, ýa-da bolmasa "ýönekeý" bolmadyk telekeçilere degişli salonlarda işleýärdi - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy.

Türkmenistanda tatuirowkalary çekmek boýunça hyzmatlar resmi bolmadyk bir görnüşde amala aşyrylýar. Resmi gadagançylyk bolmasa-da, bu hyzmaty teklip edýän ýörite salonlar hem ýok.

​- Bu mydama "kölegedäki" bir biznesdi we onuň üçin resmi rugsadyň bar bolmagyna men şübhelenýärin. Hyzmatlar doly kanuny däldi. Ýokary hilli tatu edip bolýan birnäçe "elitniý" salonlar bardy. Adamlar öwrenmek üçin Türkiýä we Moskwa barýardy. Moda bolsa modadyr, hyzmatyň hyrydary köpdi we ol gymmatdy. Arkaňa aždarha ýaly bir zatlary çekdirmegiň bahasy 100 dollara ýetýär, käte has gymmada düşýär - diýip, Türkmenistanda tatu hyzmaty barada habarly çeşmämiz adynyň efirde tutulmazlyk şerti bilen gürrüň berdi.

Häkimiýetleriň tatu ussalaryny gözläp tapmak boýunça soňky hereketleri Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň daş görnüşine amala aşyrýan gözegçiliginiň soňky netijeleriniň biri.

- Bu göreş döwrebap saç bejertmek, sakgal goýbermek we sakgalyňy gelşikli edip bejermek, saçyňy boýamak bilen bir hatarda durýar we adamyň sypatyny kesgitlemekden, erk-islegine zorluk görkezmekden başga zat däl - diýip, Azatlyk bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy öz pikirini paýlaşdy.

Şol bir wagtyň özünde-de, käbir döwlet edaralarynda işgärlerde gara äýnek dakynmagy gadagan edýärler we olardan bu barada dilhaty talap edýärler diýip, habarçylarymyz aýdýarlar.

Şu çaka çenli gara äýnek dakynmak gadagançylygyna Aşgabadyň ulag sürüjileri sezewar edilipdi. Polisiýanyň işgärleri gadagançylygyň ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin zerurdygyny aýdypdy.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň prezidenti köpçüligiň öňüne ýygy-ýygydan äýnekli çykyp başlady.

Türkmenistanyň häkimiýetleri soňky ýyllarda ilatyň daş keşbine degişli dürli çäklendirmeleriň ençemesini girizipdi, emma olaryň sebäplerini resmi taýdan düşündirmedi. Azatlygyň türkmen resmilerinden bu barada kommentariý almak boýunça eden köp sanly synanyşyklary hem netije bermedi.

Dürli ýyllarda ýurt ýaşaýjylaryna altyn diş, murt-sakgal, boýalan saç gadagan edildi.

Soňky aýlarda türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň daş-keşbine degişli talaplary ýurduň serhetleriniň daşyna çykdy. Hususan-da, mart aýynda Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi şol ýurtda okaýan türkmenistanly ýaşlardan gyzlaryň jinsi balaklary geýmekden, oglanlaryň sakgal goýbermekden saklanmagyny talap etdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG