Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň sertaraşlary we tatu çekýän ussalary gizlenip işleýärler


illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Aşgabatda sertaraşlar, dyrnak bejermek tatu çekmek ýaly gözellik hyzmatlaryny teklip edýänler köpçülikleýin ýarym gizlin, öýlerde işläp başlapdyrlar.

- Salonlary ýapylan saç bejerýän, tatu çekýän köp ussalar kwartiralara geçdi - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri aýtdy.

Munuň bilen bir wagtda-da, şäherde şeýle hyzmatlary teklip edýän bildirişler has köp göze ilýär diýip habarçylarymyzyň ýene biri habar berdi:

- Şeýle bildirişler jaýlaryň girelgelerinde peýda boldy. Maňa şeýle bildirişler öň duş gelmändi. Men muny salonlaryň ýapylmagy bilen baglanyşdyrýaryn. Käbir salonlar we uly bolmadyk firmalar ýaşaýyş jaýlary kireý alyp işläp başladylar.

Aşgabatda hususy dellekhanalaryň, gözellik salonlaryň, dyrnak bejerýän we massaž edýän salonlaryň köpçülikleýin ýapylmagy maý aýynyň aýagynda başlandy.

​Paýtagtyň häkimiýetleri hususy dükanlaryň, fitnes merkezleriniň, dellekhanalaryň, gözellik salonlarynyň, massaž otaglarynyň ýapyljakdygy barada olaryň eýelerini gyssagly habarly etdiler we kärhanalary dolandyrmak üçin resmi rugsadyň möhletiniň mundan beýläk uzaldylmajagyny duýduryp, sebäbini düşündirmediler.

Ýapylan fitnes merkezleriniň, gözellik hyzmatlaryny teklip edýän salonlaryň ençemesi Aşgabadyň merkezinde ýerleşýärdi, hususan-da olar merkezi köçelere çykýan ýaşaýyş jaýlarda işleýärdi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, mundan beýläk bu binalarda diňe azyk dükanlary ýerleşdiriler.

- Senagat harytlary diňe Söwda merkezlerinde we bazarlarda satylmaly - diýip, Azatlygyň habarçysy Döwlet standartlary edarasynyň wekillerine salgylanyp, habar berdi.

Aşgabadyň merkezinde biznes üçin ulanýan ofis jaýlarynyň ençemesi ýapyldy. Telekeçileriň ençemesine şäheriň çetinde gurulýan senagat zolagyna göçmek teklip edildi.

​Türkmenistanyň paýtagtynda gözellik salonlaryň köpçülikleýin ýapylyp başlan wagtynda şäherde tene hemişelik surat - tatu çekýän ussalar häkimiýetleriň üns merkezine düşdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, maý aýynyň ikinji ýarymyndan bäri Aşgabadyň polisiýasy tatuirowkaly adamlary saklap başlapdyr we bu suratlary çekýän ussalary tapmak üçin soraga çekipdir.

Türkmenistanda tatuirowkalary çekmek boýunça hyzmatlar öňem hem resmi bolmadyk bir görnüşde amala aşyrylýardy. Bu hyzmaty teklip edýän ýörite salonlar bolmasa-da, resmi gadagançylyk hem ýokdy.

​- Bu mydama "kölegedäki" bir biznesdi we onuň üçin resmi rugsadyň bar bolandygyna men şübhelenýärin. Hyzmatlar doly kanuny däldi. Ýokary hilli tatu edip bolýan birnäçe "elitniý" salonlar bardy. Adamlar öwrenmek üçin Türkiýä we Moskwa barýardy. Moda bolsa modadyr, hyzmatyň hyrydary köpdi we ol gymmatdy. Arkaňa aždarha ýaly bir zatlary çekdirmegiň bahasy 100 dollara ýetýär, käte has gymmada düşýär - diýip, Türkmenistanda tatu hyzmaty barada habarly çeşmämiz adynyň efirde tutulmazlyk şerti bilen gürrüň berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri soňky ýyllarda ilatyň daş keşbine degişli dürli çäklendirmeleriň ençemesini girizipdi, emma olaryň sebäplerini resmi taýdan düşündirmedi.

Dürli ýyllarda ýurt ýaşaýjylaryna altyn diş, murt-sakgal, boýalan saç, reňklenen dyrnak gadagan edilipdi.

Azatlyk Radiosy soňky çäklendirmeler barada häkimiýet wekillerinden resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG