Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada derňewçi žurnalist üçin rugsat berilmedik ýörişe toplanan adamlaryň 200-den gowragy tussag edildi


Žurnalist Iwan Golunowyň goldawyna Moskwada geçirilýän ýygnanyşyk
Žurnalist Iwan Golunowyň goldawyna Moskwada geçirilýän ýygnanyşyk

Žurnaliste garşy açylan jenaýat işiniň ýatyrylandygyna we onuň öý tussaglygyndan boşadylmagyna garamazdan, Moskwada neşe aýyplamalarynda aýyplanan derňewçi žurnaliste goldaw üçin gurnalan ýörişe gatnaşjaklar toplandy.

Polisiýa demonstrasiýa gelenleriň 200-den gowragyny tussag etdi. Tussag edilenleriň arasynda oppozision syýasatçy Alekseý Nawalny, birnäçe žurnalist hem bar diýip, habarlarda aýdylýar.

Moskwa polisiýasy proteste 1200 çemesi adamyň gatnaşandygyny, rugsat berilmedik proteste gatnaşandygy üçin 200-den gowrak adamyň tussag edilendigini aýtdy.

Protestlere we tussag edilmelere gözegçilik edýän topar, OVD-Info öz saýtynda ýöriş bilen bagly azyndan 94 adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Guramaçylar feýsbukda 12-nji iýunda Iwan Golunowyň azatlygy üçin gurnalýan ýörişe 11-nji iýun güni giçlik şäher häkimiýetlerinden tassyknama alyp bilmändiklerini we şu sebäpden indi adamlary ýygnanyşmaga çagyryp bilmeýändiklerini habar berdiler.

Içeri işler ministri Wladimir Kolotsew 11-nji iýun güni giçlik Golunowa bildirilen aýyplamalaryň onuň jenaýat edendigine subutnamanyň ýoklugy zerarly bes edilendigini, şondan soň onuň azatlyga goýberilendigini habar berdi.

Emma muňa garamazdan, feýsbukda 25 müňe golaý adam özleriniň 12-nji iýundaky ýörişe gatnaşmagy planlaşdyrandygyny ýa-da munuň bilen gyzyklanýandygyny aýtdy.

Bu ýöriş Golunowyň azat edilmegi üçin basyş görkezmek niýeti bilen gurnaldy.

Tussag edilen rus derňewçi žurnalisti suda getirildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:42 0:00

Guramaçylar adamlaryň demonstrasiýa çykmak ýa çykmazlyk kararynyň özlerine degişli bolmalydygyny aýtdylar we onlarça protestçi Moskwada bellenen ýere öňünden gelip, ýörişe gatnaşmak üçin toplandy. Orsýetiň beýleki şäherlerinde, daşary ýurtlarda hem ýyganyşyk geçirmek planlaşdyryldy.

Käbiri Golunowy goldaýan şygarlar ýazylan köýnekleri geýen demonstrasiýaçylar özleriniň häkimiýetlere basyş görkezmek isländiklerini aýtdylar.

Golunowyň birden azat edilmegi hökümet tankytçylarynyň dürli bahanalar bilen basylyp ýatyrylýan ýurdunda seýrek bolýan zat we olar opponentleri sem etmek üçin galplaşdyrylan aýyplamalaryň ähli derejelerde unalylýandygyny we beýle işler boýunça aklaýyş hökümleriniň tasdan eşidilmeýändigini aýdýarlar

Demonstrasiýaçylaryň käbiri mundan öňki neşe aýyplamalarynyň, galplaşdyrylan bolmagy ahmal beýleki işleriň hem derňelmegini, şeýle galplaşdyrmalar esasynda türmä basylan bigünä adamlaryň azatlyga goýberilmegini isleýändiklerini aýtdylar.

Polisiýa Moskwada ýüzläp protestçini tussag etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:36 0:00

Ýygnanyşyk ýerine bir topar polisiýa awtobusy getirildi we metbugat habarlarynda başda azyndan dört adamyň tussag edilendigi habar berildi. Soň tussag edilenleriň sany ýüze golaýlady.

36 ýaşyndaky Golunow 6-njy iýunda uly möçberde neşe maddalaryny satmak synanyşygynda aýyplanyp, 8-nji iýunda öý tussaglygyna höküm edildi.

Žurnalist we onuň goldawçylary bu aýyplamalary ret etdiler we olaryň syýasy äheňlidigini aýtdylar.

Bu iş orsýetlileriň gözi bilen seredilende häkimiýet wekilleri we täsirli adamlar tarapyndan edilýän eden-etdilikli we adalatsyz hereketlere jemgyýetçilik gahar-gazabyny güýçlendirdi, tankytçylar wezipeli emeldarlaryň öz şahsy bähbitlerini ileri tutýandyklaryny aýdýarlar.

Golunowyň azat edilmegi prezident Wladimir Putiniň öz at-abraýyny ýokarlandyrmak üçin ulanýan çäresinden, göni efirde görkezilýän sorag-jogap sessiýasynyň geçiriljek wagtyndan dokuz gün öň bolup geçdi.

Düýbi Latwiýda ýerleşýän garaşsyz “Meduza” habar saýtynyň habarçysy hökmünde, Golunow özüniň Moskwa şäher resmileriniň we beýlekileriň arasynda ýaýran korrupsiýany derňeýän işleri bilen giň tanymallyk gazandy.

XS
SM
MD
LG