Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda sement gytçylygynyň fonunda, Eýrandan import edilen sement peýda boldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda sement gytçylygynyň we gymmatçylygynyň fonunda, paýtagtyň angarlarynda basylyp goýlan Eýrandan import edilen sement peýda boldy diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Merkezi maddy-enjamlaýyn üpjünçilik hojalygy kärhanasynyň alty sany ägirt uly angarynda Eýrandan import edilen sement saklanýar. Bu sement hepdäniň duşenbe güni geldi. Telekeçiler bu sementi gurluşyk dükanlaryna, welaýatlara satuwa çykarýarlar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 12-nji iýunda gürrüň berdi.

Habarçynyň aýtmagyna görä, bu angarlar ýurduň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli bolup, olar Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýär. Öň bular oba hojalyk önümlerini saklamak üçin niýetlenendi, ýöne ýurtda oba hojalyk önümleriniň azalmagy bilen, bu angarlar dürli telekeçilere kärendesine berlip başlandy.

Habarçy Ahal welaýatyndaky Kelete sement öndüriji kärhanada abatlaýyş-bejeriş işleriniň geçirilýändigi sebäpli onuň ýapyk bolmagynda galýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüň edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginden, Keletedäki sement öndüriji kärhanadan we Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginden kommentariý almak başartmady. Şeýle-de, Eýrandan import edilen sementiň mukdaryny hem anyklap bolmady.

Eýranyň “White Rose Business Group” neşiri 2018-nji ýylyň mart-dekabr aýlary aralygynda Eýranyň Merkezi Aziýa döwletlerine, şol sanda Türkmenistana 247 müň tonna sement eksport edendigini mälim edýär.

Şeýle-de, “Financial Tribune” neşiriniň şu ýylyň 28-nji ýanwarynda beren maglumatyna görä, geçen ýylyň soňky 10 aýynda Eýrandan Türkmenistana import edilen harytlaryň bahasy 305 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu döwürde Türkmenistan Eýrana bahasy 7 million amerikan dollaryna barabar haryt eksport etdi.

“Eýrandan Türkmenistana satylan harytlaryň esasy bölegini sement, kartoşka, alma, şeker, plastika önümleri we gurluşyk materiallary emele getirýär” diýip, neşir habar berdi.

Türkmenistanyň hökümet maslahatlarynda ýurtda importy azaldyp, eksportyň ornuny tutýan, daşary ýurtlara eksport edip boljak önümleri köp öndürmek barada wagtal-wagtal mesele gozgalýar. Munuň üçin täze tehnikalaryň satyn alnyp, ýurtda täze zawoddyr kärhanalaryň hem gurulýandygy aýdylýar.

Şeýle-de, türkmen hökümeti daşary ýurtdan import edilýän sement üçin 2013-nji ýylda 100 % gümrük salgydyny hem girizipdi. Bu düzgün şol ýylyň 1-nji awgustyndan güýje giripdi.

Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi sementiň Eýrandan import edilmeginiň türkmen hökümetiniň importy azaldyp, eksporty köpeltmek syýasatyna ters gelýändigini aýdýarlar.

Şeýle-de, olar ýurtda sement önümçiligine gatnaşýan 13 sany kärhananyň, şol sanda dört sany uly kärhananyň bardygyna garamazdan, ýurduň çäginde sement gytçylygynyň we gymmatçylygynyň döremeginiň gaty geň galdyryjydygyny hem belleýärler.

Türkmenistanda sementiň bahasynyň gymmatlamagy we gytçylygy aprel aýyndan bäri dowam edýär.

Daşogzuň döwlete degişli gurluşyk dükanlarynda sement tapdyrmaýan mahalynda, onuň hususyýetçilerdäki bahasy tas iki esse gymmatlady diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri 16-njy maýda habar berdi. Şonda 50 kilogramlyk haltasy 40-45 manatdan satylan sementiň bahasy bir hepdede 80-86 manada ýokarlandy.

10-njy iýunda Marynyň keramzit kärhanasynda haltasy 12 manatdan pasport kopiýa bilen her adama 3 haltadan satylan sementiň 38 manatdan satuwa çykarylandygyny, Azatlyk Radiosynyň regiondaky çeşmesi habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG