Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň maý aýynda Ýewropa Parlamentine geçirilen ses berilişikleriň netijelerine täsir etmek maksady bilen, “dowamly” ýagdaýda ýalan maglumatlary ýaýratmak kampaniýasyny alyp barandygyna güwä geçýän delilleri toplandygyny mälim etdi.
Ýewropa Komissiýasynyň hasabatynda bellenmegine görä, “rus çeşmeleri” ses berijileriň saýlaw uçastoklaryna gelmeginiň öňüni almaga we olaryň pikirlerine täsir ýetirmäge synanyşmak ugrunda tagalla edipdirler.
“Rus çeşmeleri” diýlende anyk nämäniň göz öňünde tutulýandygy aýdyňlaşdyrylmady.
Saýlawlaryň öňüsyrasy Brýussel Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna, şeýle-de Facebook we Twitter ýaly sosial ulgamlaryna ýüzlenip, Russiýadan gelip biljek “ýalan maglumatlara” garşy durmaga çagyrypdy.