Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

W.Klement: Täze ilçiniň bellenmegi ABŞ-nyn Türkmenistandaky bähbitlerine syn salmak mümkinçiligini döredýär


Aşgabat. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastrad türkmen žurnalistiniň soragyna jogap berýär. Arhiw suraty

Ýewraziýa sebiti boýunça synçy Wiktoriýa Klement “The Diplomat” neşirinde çap edilen makalasyny “Birleşen Ştatlaryň Türkmenistanda nähili bähbitleri bar?” diýip atlandyrypdyr.

Bu makala ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastradyň ilçilik möhletini tamamlap, täze ilçi Matýu S.Klimowyň (Matthew S. Klimow) Aşgabada ugraýan wagtyna gabat çap edildi.

A.Mastard infoabad.com saýty bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň diňe syýahatçylykdan ýylda azyndan 1 milliard dollar girdeji almak mümkinçiliginiň bardygyny belläp, syýahatçylygy ösdürmegiň esasynda infrastrukturanyň we wiza syýasatynyň ýatandygyny nygtady.

Şeýle-de ol, eger jadyly taýagyňyz bolup, bir islegiňi aýt diýseler, näme diýerdiňiz diýen soraga “Men tüýs ýüregimden Türkmenistanda doly demokratlaşdyrmagyň, ykdysadyýeti liberallaşdyrmagyň, döwlet eýeçiliginden aýyrmagyň we hususylaşdyrmagyň basymrak tamam bolmamygyny islärdim. Türkmenistanyň günbatar görnüşindäki häzirki zaman ýurduna öwrülmegini islärdim” diýip jogap berdi.

13-nji iýunda Döwlet departamenetinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky geljekki ilçisi hökmünde kasam kabul eden täze ilçi ozalky harby. Ol Harby akademiýany tamamlandan soň, 1974-nji ýyldan 2003-nji ýyla çenli Birleşen Ştatalaryň harby güýçleriniň hatarynda gulluk etdi, batalýon we brigada derejelerinde harby serkerde boldy, “Çöl tupany” operasiýalaryna goldawy üçin “Kümüş ýyldyz" aldy we polkownik derejesinde dynç alşa çykdy diýip, makalada ABŞ-nyň Aşgabatda işlejek täze wekili hakynda gysgaça maglumat berilýär.

Klimow ilçilige kandidat wagtynda, 16-njy maýda ABŞ Senatynda eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýada we Türkmenistanda uzak möhletli bähbitleriniň bardygyny aýdyp, Aşgabadyň Eýran we Owganystan bilen araçäkleri sebäpli “alaň-açyk serhet, terrorçylyk we neşe gaçakçylygy” wehimleriniň bardygyny belledi.

Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ýene bir bähbidi ýurduň ýerasty baýlyklary, ýangyç gorlary bilen bagly. Türkmenistan dünýäde tebigy gaz boýunça altynjy orunda durýar. Emma bu ýurt gaz eksportyny diwersifikasiýa etmekde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagynda galýana meňzeýär.

Klimow Senatdaky çykyşynda Türkmenistanyň gaz eksportyny Hazar üstünden we Günorta Aziýa diwersifikasiýa etmegine kömek bermek üçin elden gelen tagallany etjekdigini aýtdy. Makalanyň awtory Wiktoriýa Klement bu pikiriň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen Nowruz gutlagynda hem nygtalandygyny belleýär.

ABŞ-nyň Klimowdan öňki iliçisi hem Türkmenistanyň gaz ýollaryny diwersifikasiýa etmegine ýardam bermek isläpdi. Mastard infoabad.com saýtynyň beren soragyna jogabynda “Men Transhazar geçirijisini ilerletmek isledim, sebäbi Türkmenistana diwersifikasiýa gerek, Ýewropa tebigy gazyň täze çeşmeleri” diýip jogap berdi.

Mastard “Azerbaýjan taýýar, Ýewropa taýýar, emma bir ýerden gozganyp bolmady” diýip, bu işiň özünden soňky ilçä galýandygyny ýaňzytdy. Täze ilçä galýan ýene bir mesele bolsa adam hukuklary bilen bagly bolup görünýär.

Klement Klimowyň öz senat çykyşynda Aşgabat babatynda tankydy pikirlerini hem aýdandygyny we türkmen hökümeti bilen “tutanýerli we gurujy” gatnaşyklary gurmak niýetini bildirendigini belleýär.

Türkmenistandaky adam hukuklary meseleleri, metbugat azatlygynyň bolmazlygy, türmelerde ýitirim bolandygy aýdylýan tussaglar, şol sanda pagta senagatyndaky mejbury zähmet, dini çäklendirmeler halkara adam hukuklary guramalarynyň hasabatlarynda yzygiderli agzalýar we olar Aşgabady adam hukuklary boýunça öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmäge, öz kanunlaryny hormatlamaga çagyrýarlar.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowdan tapawutlylykda, Berdimuhamedow amerikan syýasatçylarynyň adam hukuklary, hususan-da aýratynlykda alnan türkmen raýatlarynyň ykbaly baradaky çagyryşlaryna hem baş galdyrmaýar.

Mysal üçin, S.Nyýazow amerikan senatorlarynyň haýyşy boýunça hökümete garşy protest geçirmäge rugsat sorandygy üçin ruhy hassahana ýerleşdirilen Gurbandurdy Durdygulyýewi azatlyga goýberipdi, emma Berdimuhamedow dissident Gulgeldi Annanyýazow hakyndaky haýyşlara baş galdyrmady.

Şeýle-de türkmen hökümeti ABŞ-nyň ÝHHG-däki missiýasynyň adam hukuklary meselesinde edýän çagyryşlaryna oňyn reaksiýa bildirmeýär.

Klementiň ýazmagyna görä, Klimow Türkmenistandaky “gowuşgynsyz hukuk bazasy we aşa býurokatiýa” garşy erjel göreşmek bilen, adam hukuklary meselesindäki düýpli meseleleri çözmegi maksat edinýär.

Şol bir wagtda, amerikan alymynyň pikiriçe, Klimowyň ilçi bolan wagtynda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar düýpli özgerjege çalym etmeýär.

Emma onuň bu wezipä bellenmegi Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky bähbitlerine syn almak mümkinçiligini berýär diýip, ýewraziýa sebiti boýunça synçy W.Klement “The Diplomat” neşirinde çap edilen makalasynda ýazýar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG