Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen banklary Western Uniondan pul ibermek isleýän ene-atalara garşy täze talaby ‘güýje girizildi’ 


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ene-atalar Western Union hyzmatlary arkaly daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul iberende, olardan oglunyň ýa-da gyzynyň bu serişdäni ýa-da onuň galan bölegini yzyna, öýüne getirmejekdigi barada resminama gol çekmek talap edilýär. Bu barada “Türkmen.news” neşiri habar berýär.

“Bankyň işgärleri pul serişdesini iberýän raýata student Türkmenistana dolananda, onuň ýanynda getiren nagt pul serişdesiniň we onuň mukdarynyň barlanjakdygyny duýdurýarlar. Ýagny, bir studente bir aýda $200 iberilen bolsa, ýurda gelende onda şol ýa-da ondan köp mukdarda pul serişdesi bolsa, onda bu dolulygyna elinden alnar. Şeýle-de, bu studente Western Union arkaly pul ibermek gadagan ediler” diýip, neşir özüniň 19-njy iýunda çap eden habarynda aýdýar.

Neşir munuň resmi kurs arkaly satyn alnan dollaryň ýurda getirilip, “gara bazarda” satylmagynyň öňüni almak üçin edilýän çäredigini belleýär.

“Resminamada ene-atalardan pul iberýän adamyň adyny we familiýasyny, öý adresini we puly aljak adamyň şahsy maglumatlaryny ýazmak talap edilýär. Bu resminamanyň aşagynda düzgünler bozulan ýagdaýynda, raýatyň pul ibermekden mahrum edilýändigi barada duýdurylýar. Pul iberýän adamdan resminamanyň aşagyna gol çekmek talap edilýär” diýip, neşir habar berýär.

Azatlyk Radiosyna bu maglumaty öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky Western Union hyzmat nokatlary barada kompaniýanyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgileriniň 10-a golaýyna jaň edip, kommentariý almak synanyşyklary hem netije bermedi.

2016-njy ýylyň başynda Türkmenistanyň banklarynda daşary ýurt walýutasynyň nagt söwdasy resmi taýdan ýatyryldy. 2015-nji ýylyň başyndan bäri dollaryň resmi kursy 3,5 manat möçberinde saklanylýan mahalynda, onuň “gara bazardaky” bahasy bäş esseden hem ýokarlanyp, 18,5 manada ýetdi.

Indi üç ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda Western Union halkara pul ibermek hyzmaty we VISA bank kartlary raýatlaryň türkmen manadyny resmi kurs arkaly daşary ýurt walýutasyna, şol sanda amerikan dollaryna çalyşmagynyň ýeke täk usullarynyň biri bolup galýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, käbir raýatlar ýurduň içinde VISA bank kartlaryna pul salýarlar ýa-da Western Union arkaly daşary ýurtdaky dogan-garyndaşlaryna pul iberýärler. Bu iberilen puly ýa-da VISA bank kartlaryna salnan pul serişdesini daşary ýurtlarda nagtlaşdyrýarlar. Soňra bu daşary ýurt walýutasyny Türkmenistana getirýärler ýa-da iberýärler we “gara bazarda” bäş esse ýokary nyrhdan satyp gazanç edýärler.

Bu biziň adam ýaly ýaşamagymyz üçin ýeke täk çykalga...

Şu ýylyň maý aýynda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ikisi türkmen banklary tarapyndan girizilen çäklendirmeleriň we gadagançylyklaryň, şeýle-de ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň ilaty gazanç etmegiň şeýle usullaryny oýlap tapmaga mejbur edýändigini aýtdy.

“Adamym we men daşary ýurtda okuwymyzy tamamlap, Türkmenistana bardyk. Ikimizem işe ýerleşdik. Jaý gurmak üçin bir gyra pul üýşürjek bolduk, ýöne bolmady, Alýan aýlygymyz diňe iýip-içmäge ýetýärdi. Jaý kireýimizi ejem dagy töleýärdi. Aradan bir ýyl geçensoň, ýurtdan gaýtdyk. Häzir adamym we men daşary ýurtda işleýäris. Işlän pulumyzyň ýarysyny üýşürýäris. Ejem dagynyň ýurduň içinden VISA kart ýa-da Western Union arkaly iberen puluny-da nagtlaşdyryp, yzyna iberýäris. Olar şol puly gara bazarda çalyşýarlar. Soňra-da ony biziň üçin ýygnap goýýarlar. Biz şeýdip, Türkmenistanda jaý gurmak üçin pul ýygnaýarys. Ýurduň içinde şu puly işläp tapyp bilsek, biz muňa baş goşmazdyk. Jaý gurmak üçin puly näçe ýylda ýygnap biljegimizi bilemok. Ýöne bu biziň adam ýaly ýaşamagymyz üçin ýeke täk çykalga” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde söhbetdeş bolan türkmenistanly zenan gürrüň berdi.

Belläp geçsek, 2016-njy ýyldan bäri türkmen häkimiýetleri Western Union arkaly ýurduň daşyna pul ibermek we VISA bank kartlaryna pul salmak mümkinçiliklerine, şeýle-de olardan her günde ýa-da aýda nagtlaşdyryp bolýan pul serişdesiniň möçberine hem ençeme gezek çäklendirmeleri girizdi.

Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzirki wagt türkmenistanlylar Western Union arkaly aýda 200 dollary daşary ýurtdaky dogan-garyndaşlaryna iberip bilýän bolsa, 2017-nji ýylda bu möçber 1000 amerikan dollaryna çenli barabardy.

Şeýle-de, häzirki wagt türkmenistanlylar daşary ýurtlarda özleriniň VISA kartlaryndan aýda 50-250 amerikan dollary aralygyndaky pul serişdesini nagtlaşdyryp ýa-da nagt däl hasaplaşyklar üçin ulanyp bilýärler. 2017-nji ýylda bu möçber 1000 amerikan dollaryna deňdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG