Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dron urulmasyndan soň, ABŞ Eýrana kiber hüjümini etdi


ABŞ kartasy 20-nji iýunda urlan dronyň uçup barýan ýerini görkezýär.

ABŞ-nyň habar serişdeleri Birleşen Ştatlaryň Eýran ABŞ-nyň gözegçilik dronyny urup ýykanyndan soň Eýranyň harby kompýuterlerine garşy kiber hüjümlerini edendigini habar berýärler.

“The Washington Post” we AP, ABŞ-nyň ady aýdylmadyk resmilerine salgylanyp, 22-nji iýunda zarbalaryň prezident Donald Trampyň tassyklamagynda urlandygyny habar berdiler.

ABŞ-nyň goranmak resmileri bu maglumaty tassyklamakdan ýüz öwürdiler.

Kibir hüjümleri Trampyň ilki Eýranyň içindäki birnäçe ýere has adaty harby zarbalary urmagy tassyklap, soňra olary goýbolsun eden wagtyna gabat geldi.

Tramp bu zarbalaryň urulmagynyň “deňeçerlikde” bolmajagyny aýdyp, eýran harbylarynyň we asuda adamlarynyň arasynda adam ýitgileriniň bolmazlygy üçin, olary goýbolsun etdi.

Muňa derek, Tramp Birleşen Ştatlaryň 24-nji iýunda Eýrana garşy täze sanksiýalary girizjekdigini aýtdy, ýöne jikme-jiklikleri aýtmady.

Emma Tramp, döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen bilelikde, Tähran babatda soňky wagtlarda ulanan batly sözlerini gowşadan ýaly göründi.

Prezident özüniň Eýran bilen çalasyn ylalaşyga gelmäge taýýardygyny aýtdy we munuň ýurduň esasan ABŞ-nyň maliýe çäklendirmeleri esasynda agyr ýagdaýa düşen ykdysadyýetini gaýtadan gurmaga kömek etjekdigini belledi.

Eger-de Tähran ýadro ýaraglaryndan el çekse, Tramp özüniň bu ýurduň “iň gowy dosty” boljakdygyny we “Eýrany ýene-de beýik etmäge” kömek berjekdigini aýtdy.

Pompeo 22-nji iýunda eden beýanatynda“haçanda eýran režimi zorlukdan el çekmegi we biziň diplomatiýamyzy diplomatiý bilen garşylamagy karar etse, ol biz bilen nähili habarlaşmalydygyny bilýär” diýdi.

"Şoňa çenli biziň bu režime garşy diplomatiki üzňeleşdirmämiz we ykdysady basyş kampaniýamyz ýygjamlaşar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“The Washington Post” gazetiniň habar bermegine görä, 20-nji iýunda ABŞ-nyň drony Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa goragçylary korpusy (EYRGK) tarapyndan urlup ýykylandan soň,Tramp ABŞ-nyň Kiber komandasyna Eýranyň harby kompýuterlerine garşy hüjüm etmek ygtyýarlyklaryny berdi.

Tähran urlup ýykylan amerikan doronynyň öz territoriýasynyň üstünden uçandygyny aýtsa, Pentagon onuň halkara suwlarynyň ýokarsyndan uçup barýarka urlandygyny aýdýar.

AP ABŞ-nyň iki resmisine salgylanyp, kiber hüjümleriniň Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa goragçylary korpusynyň kompýuter ulgamyny aýratynlykda nyşana alandygyny habar berdi.

“The Post” bu hüjümiň raketa kontrollygynda we raketalary atmakda ulanylan kompýuterleri hatardan çykarandygyny aýtdy.

“The Post” we AP kiber hüjümleriniň soňky birnäçe hepdäniň dowamynda, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanan wagtynda işlenip düzülendigini habar berdi.

EYRGK-nyň uly komandiri 23-nji iýunda gürläp, regiondaky islendik konfliktiň kontrol edip bolmajak derejede ýaýramak ähtimallygyny duýdurdy.

"Eger-de sebitde konflikt dörese, hiç bir ýurt onuň gerimini we möhletini kesgitläp bilmez" diýip, general-maýor Gholamali Raşid ýarym resmi "Fars" habar gullugyna aýtdy.

Ol Eýranyň uruş islemeýändigini, emma özüni islendik görnüşdäki "howpdan we agressiýadan" gorajakdygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar Eýrany Pars aýlagyndaky we Oman aýlagyndaky nebit tankerlerine edilen hüjümlerde günäleýär, Eýran bu diýilýän işlere baglanyşygynyň bolandygyny ret edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG