Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran ABŞ-nyň dronyny urup ýykdy, onuň uçan ýeri baradaky jedeller dartgynlygy artdyrýar


“MQ-4C Triton” kysymly harby-deňiz pilotsyz uçary

Eýran we Birleşen Ştatlar ABŞ-nyň harby dronynyň urlup ýykylmagy bilen bagly ýagdaýlar dogrusynda jedelleşýärler. Bu ýagdaý Waşingtonyň we Tähranyň arasyndaky dartgynlylygyň güýçlenýän wagtynda harby gapma-garşylyk aladalaryny artdyrýar.

Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary güýçleriniň 20-nji iýunda beren maglumatyna görä, Birleşen Ştatlaryň “içaly” drony ýurduň günortasyndaky Hormozgan welaýatynyň ýokarsyndan uçup, eýran gözegçilik enjamyny öçürende, urlup ýykyldy. Eýran güýçleri bu uçuş “biziň gyzyl çyzygymyzdan” aç-açan geçiş boldy diýdi.

ABŞ-nyň Merkezi komandowaniýesi Eýranyň Birleşen Ştatlaryň harby dronyny urup ýykandygyny tassyklady, ýöne uçaryň Hormuz bogazyndaky halkara howa giňişliginde uçandygyny nygtady.

ABŞ-nyň resmileri urlup ýykylan dronyň “MQ-4C Triton” kysymly harby-deňiz pilotsyz uçarydygyny we onuň ganatlarynda “Boeing 737” kysymly uçaryň ukybynyň bardygyny aýtdylar.

Ýakynda Omanyň kenaryndaky we Hormuz bogazynyň golaýyndaky suwlarda nebit tankerlerine edilen hüjümler öňden hem dartgynly bolan ýagdaýlary has-da ýaramazlaşdyrdy. Şonda Waşington bu wakada Eýrany aýyplady. Tähran bu wakalar bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň howa giňişligine “prowokasion” girişi amala aşyrmakda ýazgaryp, ýiti beýanat bilen çykyş etdi.

“Eýranyň serhet araçäkleriniň bozulmagynyň islendik şuňa meňzeş görnüşi ýiti ýazgarylýar... Biz şuňa meňzeş bikanun we prowokasion çäreleriň netijeleriniň boljakdygyny duýdurýarys” diýip, Eýranyň döwlet telewideniýesi ministrligiň metbugat wekili Abbas Mousawiniň sözlerini getirdi.

Bu aralykda, Eýran tarapyndan goldanylýan Ýemendäki Huthi pitneçileri Saud Arabystanynyň Jizan welaýatyndaky Al-Şukaik şäherinde ýerleşýän elektrik stansiýasyna ganatly raketany atandyklaryny öňe sürdiler.

Ak tamyň metbugat wekili Sarah Sanders prezident Donald Trampyň “Saud Arabystany şalygyndaky raketa hüjümi baradaky habarlar hakda habarly edilendigini” aýtdy.

“Biz ýagdaýy ýakyndan yzarlaýarys we öz partnýorlarymyz hem-de ýaranlarymyz bilen maslahatlaşmagy dowam etdirýäris” diýip, Sanders aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG