Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ-nyň dronynyň öz howa giňişligini bozandygy hakda ‘jedelsiz’ subutnamanyň bardygyny aýdýar


ABŞ-nyň pilotsyz harby uçary

Tähran özüniň 20-nji iýunda urup ýykan ABŞ-nyň pilotsyz gözegçilik dronynyň Eýranyň howa giňişligini bozandygy hakda elinde “jedelsiz” subutnamanyň bardygyny aýdýar.

Eýranyň Daşary işler ministrligi bu beýanaty 21-nji iýunda amerikan mediasy prezident Donald Trampyň öç almak üçin Eýrana harby zarba urmagy tassyklap, soňra hem bu niýetinden dänendigini habar bereninden sanlyja sagat soňra etdi.

Bu aralykda, “Reuters” habar agentligi Eýranyň hökümet resmilerine salgylanyp, Trampyň abanyp duran hüjüm hakda Omanyň üsti bilen Tährany habarly edip, ony gepleşiklere çagyrandygyny bildirdi.

Eýran resmisi “Reuters” habar agentligine beren maglumatynda ýurduň ýokary lideri Aýatollah Ali Hameneýiniň Birleşen Ştatlar bilen “haýsy suratda hem bolsa gepleşiklere” garşydygyny, ýöne abanyp duran hüjüm hakda oňa habar ediljekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň harbylary 160 million dollarlyk pilotsyz gözegçilik uçarynyň halkara howa giňişliginde Hormaz bogazynyň depesindekä Eýranyň ýer-howa raketasy tarapyndan atylyp gaçyrylandygyny aýdýarlar.

Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary güýçleri bolsa, özleriniň Birleşen Ştatlaryň “içaly” dronyny ýurduň günorta welaýaty Hormozganda atyp gaçyrandyklaryny tassyklap, uçaryň “biziň gyzyl çyzygymyzdan” geçendigi mese-mälim diýýärler.

21-nji iýunda ýaýradylan beýannamada Eýranyň Daşary işler ministrligi “dronyň hatda heläkçilikden galan bölekleriniň-de Eýranyň territorial suwlaryndan tapylandygyny” aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Abbas Musawi 21-nji iýunda ýurduň “IRIB” döwlet telekanalyna beren interwýusynda: “Duşmanlarymyzyň bular ýaly ýalňyş işleri indi etmezligini umyt edýäris. Biz Birleşen Milletler Guramasyny habarly edip, Birleşen Ştatlaryň açyk we prowokatiw hereketine protest bildirdik” diýdi.

Dronyň atylyp gaçyrylmagy Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky dartgynlyklaryň barha artýan mahalynda bolýar. Birleşen Ştatlar Hormaz bogazynyň golaýynda nebit tankerlerine, şol sanda 13-nji iýunda Oman aýlagynda iki tankere edilen hüjümde, Eýrany günäledi.

“New Ýork Times” gazeti ... Trampyň Eýranyň garşysyna harby zarbalary tassyklandygyny ... ýöne 20-nji iýun gijesi bu missiýany “birdenkä” ýatyrandygyny habar berdi.

Gazetiň habarynda agşam sagat 7-de (Praga wagty bilen 21-nji iýunda, ir sagat 1-de) Ak tamda bolan “intensiw maslahatlardan we çekişmeden” soňra, harby işgärleriň we diplomatlaryň zarba urulmagyna garaşandyklary aýdylýar.

Çekişmelere Trampyň ýokary derejeli howpsuzlyk resmileri, şeýle hem Kongresiň liderleri gatnaşypdyr. Ýöne gazetiň habarynda bu resmileriň kimlerdigi aýdylanok.

Bir amerikan resmisiniň “AP” habar gullugyna aýtmagyna görä, harby zarbanyň Tramp tarapyndan togtadylmagyny Pentagon maslahat beripdir. Bu administrasiýanyň ýokary wezipeli işgärlerine edilen teklipleriň birimiş.

Resmiler Trampyň Eýranda birnäçe nyşana, şol sanda raketalaryň radar we batariýalaryna hüjüm edilmegini ilki oňlandygyny aýdýarlar.

“The Times” gazetiniň habarynda bellenmegine görä, zarba Eýranyň harby işgärlerine ýa-da parahat ilata ýetmegi mümkin zyýanlary çäklendirmek üçin öň 21-nji iýunda daňdan urulmaly edilipdir.

Administrasiýanyň ýokary derejeli resmileriniň biri operasiýanyň deslapky taýýarlyklar görüleninden soňra togtadylandygyny aýtdy.

“The Times” gazetiniň ýazmagyna görä, Tramp “zarbalar hakda pikirini üýtgedipdirmi, ýa-da ugur logistik ýa strategik sebäplere görä üýtgedilipmi” bu belli däl.

Gazetiň habarynda Ak tamyň we Pentagonyň resmileriniň bu barada resmi taýdan beýanat bermekden saklanandygy bellenýär. Ýöne administrasiýanyň hiç bir resmisi makala çap edilmeli däl diýmändir.

Tramp hadysa barada iki sany gapma-garşylykly maglumat berdi.

Ol 20-nji iýunda Twitterde drony atyp gaçyrmak bilen “Eýran uly ýalňyşlyk etdi” diýip ýazdy.

Birleşen Ştatlar öç almak üçin Eýrana zarba urarmy diýip soralanda Tramp: “Muny basym anyklarys” diýip, jogap berdi.

Ondan birnäçe sagat soňra hem ol hadysany ulaltmazlyga synanyşýan ýaly munuň bir “general ýa başga biri” tarapyndan goýberilen ýalňyşlyk bolmagy ähtimal diýdi.

“Men Eýranyň bir ýalňyşlyk goýberen bolmagy ähtimal diýip pikir edýärin. Drony atyp gaçyrmak bilen bu ýalňyş işi edeniň bir general ýa başga biri bolmagy mümkin” diýip, Tramp Ak tamda žurnalistlere aýtdy.

“Dronda adamymyz ýokdy. [Beýle bolan bolsady] onda uly tapawut bolardy, size aýdaýyn, tapawut gaty uly bolardy”, dronda pilot bolsady diýip, Tramp Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau bilen Ak tamda duşuşanda aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG