Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lufthansa howaýollary noýabrdan başlap, Aşgabada uçar gatnawlaryny ýatyrýar


Frankfurtyň aeroportunda surata alnan Lufthansa kompaniýasynyň nyşany. Illýustrasiýa suraty.
Frankfurtyň aeroportunda surata alnan Lufthansa kompaniýasynyň nyşany. Illýustrasiýa suraty.

Germaniýanyň Lufthansa howaýollary kompaniýasy 2019-njy ýylyň noýabr aýyndan başlap, Aşgabada uçar gatnawlaryny ýatyrýar.

25-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren telefon interwýusynda Lufthansa kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika boýunça metbugat wekili Neda Jaafari bu maglumaty tassyklady.

Ol Lufthansa kompaniýasynyň Aşgabatdan Frankfurta amala aşyrýan uçuşlarynyň 2019-njy ýylyň 26-njy oktýabryndan, Frankfurtdan Aşgabada amala aşyrýan uçar gatnawlarynyň bolsa 25-nji oktýabrdan başlap hemişelik ýatyrylýandygyny tassyklady.

Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda kompaniýanyň metbugat wekili Jaafari Lufthansanyň Aşgabada uçar gatnawlarynyň togtadylmagynyň aňyrsyndaky sebäpler barada maglumat berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, kompaniýanyň Aşgabada amala aşyrýan uçar gatnawlary söwda taýdan özüni ödemeýär.

Jaafari Lufthansanyň Frankfurt – Aşgabat aralygyndaky gatnawlarynyň Bakuwyň üstünden amala aşyrylýandygyny belledi.

Onuň sözlerine görä, kompaniýa gatnawyň Frankfurt – Bakuw bölegine üznüksiz dowam eder.

Germaniýanyň iň iri howa ýollary kompaniýasy bolan Lufthansa Frankfurtdan Aşgabada uçar gatnawlaryny 1996-njy ýylda ýola goýupdy.

Lufthansanyň Aşgabatdan Frankfurta amala aşyrýan uçuşlaryna az adamyň isleg bildirýändigini tassyklaýan ýolagçylar bar.

25-nji iýunda Azatlyk Radiosy mundan ozal Lufthansa howaýollary bilen Frankfurtan Aşgabada uçan bir türkmen bilen söhbetdeş boldy.

Häzirki wagtda Ýewropada ýaşaýan gürrüňdeşimiz howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde Lufthansanyň Frankfurtdan Aşgabada uçan uçar gatnawynyň Bakuw-Aşgabat böleginde özünden başga diňe iki-ýeke ýolagçynyň bolandygyny aýtdy.

Kompaniýanyň metbugat wekili Jaafari Azatlyk Radiosyna beren telefon interwýusynda degişli gatnaw ugry boýunça 2019-njy ýylyň 1-nji noýabryndan soňky uçuşlar üçin mundan ozal satyn alnan biletli ýolagçylaryň başga howa ýollary kompaniýasyna ugrukdyryljakdygyny aýtdy.

Ol ýolagçylaryň haýsy howa ýollary kompaniýasyna ugrukdyryljakdygyny häzirki wagtda mälim edip bilmeýändigini sözüne goşdy.

Mälim bolşy ýaly, mundan ozal “Türkmenhowaýollary” kompaniýasy hem Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat aralygynda uçuş gatnawlaryny amala aşyrýardy.

Ýöne şu ýylyň fewral aýynyň başyndan bäri “Türkmenhowaýollarynyň” ýewropa ýurtlaryna, şol sanda Beýik Britaniýa, Germaniýa we Fransiýa amala aşyrýan gatnawlary ýatyryldy.

Beýik Britaniýanyň “Gov.uk” websaýtynyň fewral aýynda çap eden maglumatynda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasyndan özüniň halkara howa howpsuzlygy standartlaryna gabat gelýändigini subut etmegine garaşýandygy habar berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG