Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Türkmenhowaýollary’ Lufthansa Consultingden ýardam almagy dowam etdirýär


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” gullugy halkara howa howpsuzlygy standartlarynyň talaplaryna gabat gelmek üçin “Lufthansa Consulting” geňeş kompaniýasyndan ýardam almagy dowam etdirýär.

Ýatlatsak, 4-nji fewralda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy (EASA) “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçýan we bu bileleşigiň çäklerinden yzyna uçýan uçuşlaryny togtadypdy.

“Lufthansa Consulting” geňeş kompaniýasynyň 13-nji iýunda ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň howaýollary kompaniýasy Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň (EASA) talaplaryny kanagatlandyrmakdaky kynçylyklaryň yzýany, öz görkezijilerini ýokarlandyrmaga çalyşýar.

“Howaýollary gullugy we Lufthansa Consulting kompaniýasy düzediş planyny işläp taýýarladylar we bu babatda ylalaşdylar. Şeýle-de, bu plany durmuşa geçirip başladylar. ‘Türkmenhowaýollary’ gullugy Lufthansa Consulting kompaniýasynyň awiasiýa ekspertleri bilen bilelikde, dolandyryş ulgamyny üýtgetmegiň we munuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň üstünde işleýär” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Bu üýtgetmeler esasy dolandyryş ulgamlaryny, aýratyn-da, howpsuzlyk we hil dolandyryş ulgamyny, resminamalary işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi, işgärlere tälim bermegi, software girizmegi, enjamlary satyn almagy we iň möhümi hem kompaniýanyň içindäki medeni özgerişikleri gowulandyrmagy öz içine alýar.

“Medeni özgerişikler” aňlatmasyna kompaniýanyň içinde adamlaryň özüni alyp barşy, kompaniýanyň gymmatlyklary, düzgün-kadalary, ulgamlary, simwollary, dili, çaklamalary, ynançlary we endikleri ýaly faktorlar degişlidir.

Beýanatda aýdylmagyna görä, “Türkmenistan howaýollarynyň” ýolbaşçylary “Lufthansa Consulting” kompaniýasy bilen bilelikde, Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň (EASA) “Üçünji ýurduň operatorlary” (TCO) baradaky talaplary boýunça mart we maý aýlarynda duşuşyk geçirdi.

2019-njy ýylyň 29-njy maýynda geçirilen soňky duşuşykda “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasy Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugyna howpsuzlyk standartlaryny özgertmek boýunça işiň gidişi baradaky hasabatyny hödürledi.

Maglumata görä, “Türkmenhowaýollary” awgust aýynyň başyndan Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy tarapyndan “öz ýerinde hökmany barlaglary” geçirmek üçin resmi talaby başlatmak baradaky niýetini hem mälim etdi.

“Lufthansa Consulting kompaniýasynyň howa howpsuzlygy boýunça ekspertleri ‘Türkmenhowaýollarynyň’ IOSA barlaglaryna taýýarlanmagy we özünden edilýän talaplara gabat gelmegi üçin beýlekiler bilen bilelikde, SMS we uçuş maglumatlaryna gözegçiligi, gury ýer operasiýalarynyň guramaçylygyny we uçuş operasiýalarynda standartlary gowulandyrmagyna ýardam berýär” diýlip, beýanatda bellenilýär.

Belläp geçsek, “Türkmenistan howaýollary” kompaniýasy işiň gidişi boýunça nobatdaky hasabatyny şu ýylyň iýul aýynyň ikinji ýarymynda hödürlär.

“Türkmenistan howaýollary” kompaniýasy özüniň Lufthansa Consulting geňeş kompaniýasyndan ýardam alýandygyny 13-nji fewralda mälim etse-de, soňky özgerişikler barada häzirlikçe maglumat bermeýär.

Şu ýylyň fewral aýynyň başyndan bäri “Türkmenhowaýollarynyň” ýewrapa ýurtlaryna, şol sanda Beýik Britaniýa, Germaniýa we Fransiýa amala aşyrýan gatnawlary ýatyryldy.

Beýik Britaniýanyň “Gov.uk” websaýtynyň habarynda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugynyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasyndan özüniň halkara howa howpsuzlygy standartlaryna gabat gelýändigini subut etmegine garaşýandygy habar berildi.

“Türkmenhowaýollary” ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça halkara derejesinde geçirilýän reýtinglerde ýyllarboýy pes bahalary alýar. Onuň öz ýolagçylaryny köp garaşdyrmagy kemçilikleriň arasynda agzalýar. Şeýle-de, bu howaýollary kompaniýasy bilen sapar eden ýolagçylaryň ençemesiniň goşlarynyň açylandygy barada“Skytrax” neşirinde habarlar hem bar.

1992-nji ýylda döredilen “Türkmenhowaýollarynyň” resmi websaýtynda berlen maglumata görä, bu kompaniýanyň uçarlary arkaly ýurduň içinde günde 5000 ýolagçy uçýar. Ýerli we daşary ýurt uçuşlarynyň iksinde bolsa, her ýylda 3 milliona golaý ýolagçy sapar edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG