Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan azyk gytçylygynyň fonunda 15 müň tonna pomidoryň we hyýaryň eksport edilendigini aýdýar


Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň (TDH) websaýtyndan alnan surat
Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň (TDH) websaýtyndan alnan surat

Türkmen döwlet mediasy Türkmenistanyň gök-bakja önümlerini eksport edýän ýurt hökmünde öz pozisiýany berkidýändigini aýdyp, şu ýyl 15 müň tonnadan gowrak pomidoryň we hyýaryň daşary ýurtlara iberilendigini habar berýär. Bu habar Russiýanyň dürli regionlarynda Türkmenistanyň onlarça tonna pomidoryndan zäherli mör-möjekleriň tapylandygy baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

“Şu ýyl ýyladyşhanalarda ýetişdirilen 15 müň tonna pomidor we hyýar daşary ýurtlara iberildi. Bu geçen ýylky görkezijiniň tas iki essesine barabardyr. Şeýle-de, 7,5 müň tonna sogan hem daşary ýurtlara iberildi” diýip, “Türkmenistan Altyn Asyr” websaýty 26-njy iýunda habar berdi.

Habarda ýylyň başyndan bäri hususy eýeçilikdäki ýyladyşhanalarda ýetişdirilen we daşary ýurtlara eksport edilen gök-bakja önümleriniň umumy bahasynyň 15 million amerikan dollaryna barabar bolandygy hem aýdylýar.

“Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň oba hojalyk bölüminiň maglumatyna görä, ýurduň çäginde öndürilen pomidoryň hasyly ýerli bazarlaryň talabyny ençeme esse geçdi. Ýylyň soňuna çenli ýene azyndan 15 müň tonna gök-bakja önümini ýetişdirmek göz öňünde tutulýar” diýlip, habarda aýdylýar.

Türkmen metbugaty ýurtda ýetişdirilýän gök-bakja önümleriniň ýokary hilli we tagamlylygy sebäpli olaraGDA döwletlerinde, şeýle-de Russiýada, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Owganystanda isleg bildirilýändigini hem belleýär.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň eksport eden pomidorynyň karantina degişli edilip, oňa garşy gadaganlygyň girizilendigi barada soňky üç aý çemesi wagtyň dowamynda azyndan üç gezek habar berildi.

19-njy iýunda Russiýanyň Samara regionynda Türkmenistandan getirilen 18 tonnalyk pomidor ýok edildi diýip, Russiýanyň “Rosselhoznadzor” döwlet edarasynyň ýerli bölümi habar berdi.

11-nji iýunda “Rosselhoznadzoryň” resmi websaýtynda bu edaranyň Moskwa, Moskowskiý we Tulskiý regionlary boýunça bölümleri Türkmenistandan getirilen 18,5 tonnalyk pomidory hil barlagyndan geçirende, karantina degişli maddanyň üstüniň açylandygy mälim edildi.

7-nji iýunda geçirilen barlaglaryň netijesinde türkmen pomidoryndan çykan bu maddanyň Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň territoriýasynda bolmadyk “Tuta absoluta (Powolny)” atlandyrylýan, “günorta amerikan pomidor güýesidigi” anyklandy diýlip, habarda aýdyldy.

Agzalýan güýe açyk we ýapyk meýdanda pomidor ekinini zaýalaýan we ýok edýän, karantina degişli howply, zyýanly mör-möjekdir.

20-nji martda bolsa, Russiýanyň “Rosselhoznadzor” edarasynyň Orenburg regionyndaky şahamçasynyň geçiren barlaglary netijesinde Türkmenistandan getirilen 18 tonnalyk pomidordan latynça ady “bemisia tabaci” atlandyrylýan, akganatly zyýanly mör-möjek tapyldy.

Golaýda Türkmenistanda iýmit howpsuzlygy boýunça ilkinji hususy barlaghana açyldy. Bu proýekt ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) goldamagynda “Hil Standart” kärhanasy tarapyndan durmuşa geçirilipdi.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň beýanatynda berlen maglumata görä, täze mikrobiologiýa barlaghanasy iýmit önümleriniň barlagy boýunça täjirçilik hyzmatlaryny hödürlär. Bu bolsa öz gezeginde, ýerli öndürijileriň we eksport edýän kärhanalaryň, barlaghananyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmegine ýol açar.

Türkmen hökümeti importyň ornuny tutýan harytlar öndürmek, eksporty artdyrmak boýunça yzygiderli çykyş edýär. Munuň üçin täze ýyladyşhanalaryň gurulýandygy, olardan her aýda ýüzlerçe tonna gök-bakja önümleriniň hasylynyň alynýandygy aýdylýar.

Şeýle-de, “Türkmenistan Altyn Asyr” websaýtynyň çarşenbe güni çap eden habarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy Şamämed Annaýewe salgylanyp, türkmen önümleriniň ýewropa bazarynda hem bäsdeşlige ukyply bolup biljekdigini mälim etdi.

Ýöne resmi media serişdelerinde Türkmenistanyň eksport eden pomidorynda zyýanly mör-möjekleriň tapylandygy, onuň karantina degişli edilendigi barada hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG