Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzly işgärler Awazada dynç almak üçin ýollanma satyn almaga mejbur edilýär


Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhana
Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhana

Türkmenistanda tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän mahalynda, Daşoguz welaýatynyň edara-kärhanalarynyň işgärleri Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynda dynç almak üçin ýollanma satyn almaga mejbur edilýärler.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän ýurt içindäki habarçysynyň tassyklamagyna görä, ýollanmany satyn almaga mejbur edilýän işgärler 5-10 gün aralygyndaky dynç alyş üçin ortaça 2500 manat çykdajy etmeli bolýarlar. Bu resmi kurs bilen ortaça $714, gara bazaryň nyrhy bilen $131 barabardyr.

“Her bir edarada ortaça 30 adam işleýän bolsa, her ýyl olaryň 5 sanysy Awazada dynç almak üçin ýollanma satyn almaly. Olaryň bu ýerde dynç almaly güni edara görä üýtgäp, ortaça 5-10 gün aralygynda bolýar. Her gün üçin 200 manat tölemeli. Ýöne muňa ýol kireý we naharlanmak çykdajylary degişli däl. Çykdajylar 100 göterim işgärleriň üstüne ýüklenýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 1-nji iýulda gürrüň berdi.

Dürli edara-kärhanalarda işleýän işgärleriň onlarçasy bilen söhbetdeş bolan habarçy ýollanmany satyn almak islemeýän işgärlere işden çykaryljakdygy barada haýbat atylýandygyny hem belledi.

“Gitmek islemeýänlere ‘100 göterim işden çykarylarsyň’ diýýärler. Galyberse-de, bu ýollanma diňe bir adam üçin niýetlenen. Ýolbaşçylaryň işgäriň maşgalasy bilen işi ýok” diýip, habarçy daşoguzly býujet işgärleriniň biriniň sözüni getirdi.

Býujet işgärleriniň ençemesi ýurtda azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň nyrhlarynyň gymmatlan döwründe, bir gyra pul artdyrmak beýlede dursun, özlerinden talap edilýän goşmaça çykdajylar sebäpli bu aýdan indiki aýa pul ýetirmegiň hem özleri üçin uly problema bolup durýandygyny aýdýarlar.

“Şu wagt işgärler öz işleýän edara-kärhanalarynda remont, abatlaýyş işlerini geçirmek üçin-de çykdajy edýärler. Bu remont işleri dolulygyna işgärleriň hasabyna amal edilýär” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan daşoguzly býujet işgäri aýtdy.

Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän ýagdaýlaryň Daşoguz welaýatynyň haýsy edara-kärhanalarynda bolýandygy barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlar barada Daşoguz welaýat häkimliginden kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenbaşyda dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen Aşgabatdan bu şähere uçýan uçar reýsleriniň sanynyň artdyrylandygyny, ýöne Daşoguza we Türkmenabada uçar gatnawlarynyň sanynyň azaldylandygyny habar berýär.

“Mundan öň hepdäniň haýsy günüdigine laýyklykda, Daşoguz-Aşgabat-Daşoguz aralygyna günde 4-5 reýs bardy. Häzir günde diňe 2-3 uçar gatnawy bar. Diňe anna günleri 4 reýs saklanyp galdy” diýip, habarçy aýtdy.

Ol uçar reýsleriniň azaldylmagy sebäpli bilet ýetmezçiliginiň emele gelendigini, bilet tapmaýan ýolagçylaryň otly gatnawyndan peýdalanmaga çalyşýandygyny hem belledi.

“Otly biledini tapmak hem kyn. Daşoguzdan Aşgabada günde 2 otly gatnawy amala aşyrylýar. Olaryň biri 17:30-da, beýlekisi 19:30-da ugraýar. Otlular ýolagçydan doly. Bilet tapmak örän kyn” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Soňky ýyllarda türkmen hökümeti Awaza milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalary, akwaparklary we beýleki desgalary gurmak üçin millionlarça amerikan dollary möçberinde serişde harçlady. Türkmen mediasy bu ýerde ýurt raýatlarynyň we daşary döwletlerden gelen syýahatçylaryň dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň sözlerine görä, Awazada dynç alýanlar adatça hyzmatlaryň hilinden, internetiň ýaramazlygyndan, bahalaryň gymmatlygyndan we ulular üçin tomaşalaryň, güýmenjeleriň ýeterlikli däldiginden, şeýle-de köp ýerde surat almagyň gadagan edilýändiginden nägile bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG