Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda türkmenistanly zenan neşe satmakda tussag edildi


Stambuldaky seýilgähleriň biri
Stambuldaky seýilgähleriň biri

Türkiýäniň Stambul şäheriniň polisiýasy seýilgähde neşe maddasyny satýan türkmenistanly zenany tussag etdi. Bu barada Türkiýäniň media serişdeleri habar berýär.

Haberler.com neşiriniň 1-nji iýulda çap eden habaryna görä, türk polisiýasy Gülran K. diýlip atlandyrylýan türkmen zenanyndaky günebakar çigidiniň gabynda geroin we metamfetamin maddasyny ele saldy.

“Türk polisiýasyna Ataşehir etrabyndaky İçerenköy etrapçasynyň “Huzur Hoja” köçesiniň ugrundaky seýilgähde bir aýalyň neşe maddasyny satýandygy barada maglumatlar gelip gowuşdy. Şondan soň bu ýere baran polisiýa işgärleri türkmenistanly zenanyň neşe maddasyny satýandygyny anyklady. Zenana degişli günebakar çigidiniň gabynda 5,3 gram geroin we 0,7 gram metamfetamin maddasy tapyldy” diýlip, habarda bellenilýär.

Aýdylmagyna görä, şondan soňra türkmenistanly zenanyň İçerenköy etrapçasyndaky öýünde gözleg işleri geçirilip, bu ýerde 107,9 gram geroin, düzüminde neşe maddasy bolan 40 sany tabletka, neşe maddasynyň satuwynda gazanylan ortaça 37 amerikan dollary möçberindäki 210 türk lirasy ele salyndy.

Şeýle-de, öýde tapylan zatlaryň hatarynda 1 sany elektrik terezi, 1 sany 30 santimetr uzynlygyndaky pyçak, 2 sany sapança, 11 sany ok, 1 sany pistolet we başga-da 30 sany ok hem bar.

Türk mediasynyň habarynda türkmenistanly zenanyň neşe maddasynyň söwdasyny etmekde tussag edilip, türmä iberilendigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy türkmen zenanyň soňky ykbaly, onuň näçe wagt möhleti bilen türme tussaglygyna höküm edilendigi barada Ataşehir etrabyndaky İçerenköy etrapçasynyň polisiýa bölüminden maglumat alyp bilmedi.

Belläp geçsek, bu türk metbugatynda Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylar barada soňky bir aýdan gowrak wagtyň dowamynda çykan bäşinji habardyr.

9-njy iýunda Stambulyň Beşiktaş etrapçasynda türkmenistanly bir zenany awtoulagyň kakandygy we munuň netijesinde onuň golundan hem-de ýanjygyndan ýaradar bolandygy mälim boldy.

31-nji maýda bolsa, Türkiýäniň Kojaeli welaýatynda Türkmenistanyň bir raýatynyň ten satmakdan halas edilendigi we ýene biriniň neşe satmakda güman edilip, Ankarada tussag edilendigi habar berildi.

23-nji maýda türk media serişdeleriniň ençemesi eklenç gözleginde Türkiýä gelen türkmen zähmet migrantlarynyň günlükçi hökmünde işlemek üçin ir säher bilen Stambulyň Çaglaýan we Zekeriýaköý sebitlerindäki ýanýodalarda üýşýändigini habar berdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar, işsizlik, azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň gymmatlamagy bilen baglylykda, Türkiýe türkmenistanlylaryň eklenç gözleginde iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri bolup durýar.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň daşyna okamaga ýa-da işlemäge gidýän türkmenistanlylaryň sany baradaky statistiki maglumatlary halk köpçüligine mälim etmeýärler.

Ýöne maý aýynyň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmeleri soňky 10 ýylyň dowamynda 1 million 879 müňden gowrak adamyň ýurdy terk edendigini we bu sanyň ýurduň daşyna gidip-gelýän türkmenistanlylary öz içine almaýandygyny habar berdi.

Türk media serişdeleriniň Türkiýäniň Migrasiýa edarasyna salgylanyp, 2-nji iýunda beren maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistandan diňe Türkiýä jemi 82 müň 325 sany türkmenistanly sapar etdi. Bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,2% ýokary bolýar.

Türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda duçar bolýan ýagdaýlary barada türkmen metbugatynda hiç hili maglumat berilmeýär. Bu habarlar barada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy hem häzirlikçe kommentariý bermekden saklanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG